Baş sahypa
\
Sport
\
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
Sport
«Galkan» topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp boldy
Çap edildi 20.04.2024
705

Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Bu iri ýaryşyň geçirilmegi Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň, dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrylýan strategiýanyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy.

Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde türkmenistanlylar irki ýaşdan başlap, sportuň tomusky görnüşleri bilen bir hatarda, gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý we figuralaýyn typmak görnüşlerini hem üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýa sebitiniň howa aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri ýurdumyzda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan birnäçe toparyň gatnaşmagynda geçirilen şu gezekki ýaryş hem munuň aýdyň nyşanydyr. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler.

Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, şol toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orunlary eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler. Ilki buzly meýdançada üçünji orun ugrunda Özbegistanyň “Feniks” we Belarusuň “Wolat” toparlary güýç synanyşdylar. Ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda bu toparlaryň ikisi hem diňe bir gezek ýeňlişe sezewar bolupdylar. “Feniks” Türkmenistanyň “Galkan” toparyndan 1:9 (0:3, 0:4, 1:2) hasabynda, “Wolat” bolsa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Adihis-Kazan» toparyndan 3:6 (1:3, 2:1, 0:2) hasabynda utuldy. Duşuşyk belarusly hokkeýçileriň artykmaçlygynda geçdi. Olar 12:4 (3:1, 6:1, 3:2) hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldular.

Ýeňijileriň toparynda iň netijeli oýunçy Eduard Grin boldy. Ol garşydaşynyň derwezesine 5 şaýbany geçirdi. Munuň özi ýaryşda eýýäm üçünji penta-trikdir. Ozalky iki penta-trigi “Feniks” toparynyň hüjümçisi Artýom Warganow we “Galkan” toparynyň hüjümçisi Perhat Atekaýew amala aşyrypdyrlar. Olar, degişlilikde, Bahreýniň «Bahrain Ice Hockey Club» toparynyň hem-de Özbegistanyň toparynyň derwezesine bir oýunda 5 şaýba geçirdiler.

Soňra sport toplumynyň meýdançasyna final duşuşygyna gatnaşyjylar — “Galkan” (Türkmenistan) we «Adihis-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) çykdylar. Toparlaryň ikisi hem ýaryşyň toparlaýyn tapgyryny ýeňlişsiz geçdiler we baş baýrak ugrunda jemleýji oýna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Final oýny ýaryşyň hakyky bezegine öwrüldi. Toparlaryň ikisi hem oýny ýokary depginlerde başladylar we birek-biregiň derwezeleriniň alkymynda ýiti pursatlary döretdiler. Derwezebanlar Rahman Myradowyň (“Galkan”) we Aýrat Walliuliniň («Adihis-Kazan») ussatlarça oýnandygy sebäpli hasap ep-esli wagt açylmady. Ýöne oýnuň 9-njy minudynda 10 müň orunlyk toplumy dolduran tomaşaçylar derwezä geçirilen ilkinji şaýbanyň şaýady boldular. Ony biziň toparymyzyň iň gowy hüjümçileriniň biri Perhat Atekaýew geçirdi. Kazanly myhmanlar hasaby deňlemek üçin tagalla etdiler we oýnuň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna 53 sekunt galanda, Adel Awzalow hasaby deňledi. Oýnuň ikinji tapgyrynda Nasser Subhiniň geçiren şaýbasyndan soňra, hasap «Adihis-Kazan» toparynyň peýdasyna 2:1 boldy.

Türkmenistanyň sekiz gezek çempionynyň oýnuň akymyny üýtgetmek üçin soňky 20 minudy galdy we tälimçiler Andreý Makarowyň hem-de Meýlis Kuliýewiň şägirtleri bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdiler. Oýnuň 41-nji minudynda Perhat Atekaýew hasaby deňledi — 2:2. Ýene-de 2 minutdan soňra bolsa, Gurbanmyrat Taňňyýew şaýbany geçirip, “Galkany” 3:2 hasabynda öňe çykardy. Iň soňky şaýbany bolsa 51-nji minutda Nowruz Baýhanow geçirdi. Oýnuň soňky minutlarynda «Adihis-Kazan» toparynyň tälimçileri derwezebany 6-njy meýdança oýunçysyna çalyşdylar. Ýöne biziň toparymyz garşydaşynyň hüjümlerine hötde gelip, 4:2 hasabyny saklap galdy. Şeýlelikde, “Galkan” (Türkmenistan) ýaryşyň ýeňijisi boldy. «Adihis-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) kümüş medaly, «Wolat» (Belarus) bolsa bürünç medaly eýeledi.

Ýapylyş dabarasyna gatnaşan türgenler, eminler, ýurdumyza sapar bilen gelip, baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow bu halkara hokkeý ýaryşynyň üstünliklere beslenendigini bellediler.

Ýaryş bize ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Sport ýene bir gezek halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky jebisligi aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýewraziýa yklymynyň dürli künjeklerinden gelen türgenler Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ýaryşda dostluk ruhuny paýlaşdylar diýip, L.Anfimow nygtady. Ol sportuň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, GDA giňişliginde-de ösdürilmegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyp, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin döwlet Baştutanymyza aýratyn hoşallyk sözleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen Aşgabatda Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine saldamly goşandy bolan ajaýyp sport baýramçylygy geçirildi. Bu ýaryş halklaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde möhüm itergi boldy. Biz şeýle sport çäreleriniň guralmagyny hemmetaraplaýyn goldaýarys. Bu gezekki ýaryşyň üstünliklere beslenmeginiň GDA-nyň giňişliginde şeýle ýaryşlaryň guralmagyna nusgalyk görelde boljakdygyna ynanýaryn diýip, L.Anfimow belledi.

GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary çykyşyny dowam edip, bildirilen myhmansöýerlik, eminleriň adalatly çözgüdi, türgenleriň erjelligi, janköýerleriň goldawlary üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol ýaşlary Türkmenistanda özleri üçin döredilýän hemmetaraplaýyn şertleriň, sportuň ähli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga mümkinçilik berýän ajaýyp sport desgalarynyň gadyryny bilmäge çagyrdy. “Eger-de Türkmenistanda döredilen sport infrastrukturasyndan, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň sportuň ösdürilmegi barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, haýsy şäheri GDA-nyň sport paýtagty hökmünde görkezip bilersiňiz diýip sorasalar, onda men ikirjiňlenmän, “Aşgabat” diýip jogap bererdim” diýip, L.Anfimow sözüni jemledi.

Soňra baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Onuň dowamynda ýaryşyň eminlerine we iň gowy oýunçylaryna ýörite sowgatlar gowşuryldy. Baýraga mynasyp bolan oýunçylaryň hatarynda derwezeban Ýaroslaw Lagun («Wolat»), goragçy Musa Annasaparow (“Galkan”), hüjümçi Aýdar Miftahow («Adihis-Kazan») bar.

“Galkan” toparynyň şu gezekki ýeňşi Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz umumymilli we halkara ähmiýetli birnäçe iri sport taslamalarynyň başyny başladylar. Şunlukda, ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak milli taglymat derejesine çykaryldy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan barha iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär hem-de olary ýokary derejede guramagy başarýar.

Şu gezekki ýaryşlara gatnaşan hokkeý wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de toparlaryň kapitanlarynyň pikirine görä, Aşgabat diňe bir GDA-nyň sport paýtagty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, diwizionlaryň biri boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge hem mynasypdyr. Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumyny, «Galkan» gyşky sport merkezini, Milli olimpiýa sport köşgüni, Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Buzly köşgi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň iň häzirki zaman sport düzümlerini hasaba alanyňda, Diýarymyzda munuň üçin ähli şertler bar.

Ýaryşyň guramaçylary baý mazmunly medeni maksatnamany hem taýýarladylar. Ol ýaryşa gatnaşyjylara türkmen halkynyň taryhy, baý medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, ak mermerli Aşgabadyň gözel künjeklerini synlap, lezzet almaga, milli tagamlary dadyp görmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, ýaryşa gatnaşyjylar sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen Arkadag şäherine baryp gördüler.

Şeýlelikde, hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlanyp, ol tomaşaçylar üçin ajaýyp baýramçylyga öwrüldi hem-de oňa gatnaşan türgenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu ýaryş türkmenistanlylaryň öz Watanyna buýsanjyny artdyrdy. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde sportuň tomusky we gyşky görnüşleri boýunça islendik derejedäki iri halkara ýaryşy üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek subut etdi.

Soňky habarlar
27.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
26.05
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.05
Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy tassyklanyldy
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.05
Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerledip
26.05
Türkmen halylary — naýbaşy sungat eseri
25.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.05
Paýtagtymyzda iri kottej ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi
top-arrow