Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşda «Galkanyň» hokkeýçileri Bahreýniň toparyny ýeňdiler
Sport
Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşda «Galkanyň» hokkeýçileri Bahreýniň toparyny ýeňdiler
Çap edildi 15.04.2024
4811

Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu gün Aşgabatda açylan halkara ýaryşda Bahreýniň toparyny 8:1 hasabynda utup, ýeňiş gazandylar.

Ýaryşa iki toparça bölünen 10 topar gatnaşýar. «A» toparçada: «Galkan» (Türkmenistan), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Oman Nationals» (Oman) we «Feniks» (Özbegistan), «B» toparçada: «Volat» (Belarus), «Aqmola» (Gazagystan), «Dordoi» (Gyrgyzystan), «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparlary çykyş edýärler.

Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary Bahreýn toparyna garşy ilkinji oýna güýçli başlady. Duşuşygyň 3-nji minudynda 20 ýaşly Nowruz Baýhanow derwezebana al salyp, toparymyzdan ilkinji bolup şaýbany saldy. Şondan bir minutdan soň Pawel Barkowskiniň urgusyndan ikinji şaýba myhmanlaryň derwezesine girdi. Iki minutdan soň, Aleksandr Wahowskiý üçünji şaýbany geçirdi. Birinji döwür gutarmanka Begenç Döwletmyradow we Arslan Geldimyradow ýene iki şaýba saldylar we toparlar 5:0 hasabynda «Galkanyň» haýryna arakesmä çykdylar.

Ikinji döwürde oýnuň depgini birneme peseldi, Bahreýniň hokkeýçileri mundan peýdalanyp derwezämize bir şaýba geçirdiler. Şeýle bolsa-da, duşuşygyň üçünji 20 minudynda türkmen topary ýene-de gaýrata galdy we garşydaşynyň derwezesine ýene üç şaýba geçirdi. Döwlet Hydyrowyň meýdançanyň ortasynda uzak aralykdan salan altynjy şaýbasy gaty täsirli boldy. Soňra Arslan Nuryýew tapawutlandy. Baýmyrat Baýmyradow oýnuň soňky minudynda soňky şaýbany saldy.

Şondan öň «A» toparçadaky beýleki bir duşuşykda Özbegistanyň «Feniksi» «Oman Nationals» toparyny 11:3 (6:1, 1:0, 4:2) hasabynda utdy. Bu oýunda ýaryşyň ilkinji şaýbasyny ýeňijilerden 16 ýaşly Behruz Najmiýew saldy.

«B» toparçada şu gün «Aqmola» (Gazagystan) we «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) ilkinji ýeňşini gazandylar. Gazagystanlylar «Team-Turkiye» (Türkiýe) toparyny 5:3 (0:1, 2:1, 3:1), russiýalylar Gyrgyzystanyň «Dordoi» toparyny 8:3 (1:4, 2:1, 0:3) hasabynda ýeňdiler.

Ýaryş dowam edýär.

Soňky habarlar
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow