Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Obasenagat toplumyny ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Teswirlemeler
Obasenagat toplumyny ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Çap edildi 02.04.2024
1951

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat; nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat; ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.

Oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahalarynyň nobatdaky gezek ýokarlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, halkymyzyň abadançylygy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň anyk görkezijisidir. Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň hödürlenilmegi, olaryň tohum, mineral dökünler, beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaly maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýän çäreler oňyn netijesini berip, daýhanlaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Döwlet tarapyndan traktorlary, kombaýnlary, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirýär.

Däneçilik we pagtaçylyk ýurdumyzyň oba hojalygynyň strategik ugurlarydyr. Bugdaýyň hem-de “ak altynyň” öndürilmegi we gaýtadan işlenilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendir. Türkmen topragy ekerançylygyň baý medeniýetiniň dörän gadymy ojagydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaý sümmüllerini ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň mysalydyr.

Pagtaçylyk oba hojalyk pudagynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ugurdaş kärhanalaryň tehniki üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň işleriniň ýeňilleşdirilmegi pudagy ösdürmegiň binýatlaýyn wezipeleridir. Bu işde türkmen alymlaryna, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenlerine uly orun degişlidir. Tohumçylyk we seçgiçilik işi, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, şol sanda suwaryş işlerinde innowasion tehnologiýalary synagdan geçirmek olaryň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary gögerijiligi, süýümiň berkligi, uzynlygy we arassalygy seçgiçileriň ýetişdirýän gowaça görnüşleriniň hilinde aýratyn ünsde saklanýan meselelerdir.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly, pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly, 2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek; gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde — “Türkmenpagta” döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi; “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar; Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli möçberlerde suwaryş suwy; “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak esasynda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Oba hojalyk ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2024-nji ýylda 2 müň 100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.

“Türkmenpagta” döwlet konserni welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş ylalaşyklary baglaşmaga, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemek gerek. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir.

Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk tejribesi hem oba hojalygyny okgunly ösdürmekde ygtybarly binýatdyr.

Obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar, maddy üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler pudaga ýaş hünärmenleriň çekilmegine we ilatyň iş bilen üpjünçiligine öz täsirini ýetirýär.

Täze ykdysady şertlerde telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy durmuşa geçirilýän özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygydyr. Obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işlere ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamyny barha giňeldýän hususy bölegiň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 111,7 göterime barabar boldy.

Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerindäki ulgamlaýyn çäreler, ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň netijeli ulanylmagy, diňe bir hil taýdan däl, eýsem, mukdar taýdan hem oňyn görkezijileriň gazanylmagyna şert döretdi. Soňky ýyllarda bu pudak durnukly ösmegini dowam etdirýär.

Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklan tertibine laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda gowaça ekişi dowam edýär. Bu möhüm möwsüm Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda badalga aldy. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow