Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisiniň jemleri boýunça biragyzdan kabul edilipdi.
Medeni paýtagt derejesi baý geçmişi türki döwletleriň döreýiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan we häzirki wagtda türki dünýäniň umumy gymmatlygyna öwrülen, halklarymyzyň medeniýetini, sungatyny dünýäde wagyz etmekde möhüm orny eýeleýän gadymyýetiň meşhur şäherlerine berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy.
Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ýokary ussatlygynyň we şol döwrüň binagärliginiň ösüşiniň subutnamasydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme netijesinde berbat bolandygyna garamazdan, ol dünýäniň ähli künjeginden jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolmagynda galýar.
Maslahatyň geçirilýän ýeriniň girelgesiniň öňünde Änew medeniýetine bagyşlanan sergi bilen tanşyldy. Bu ýerde görkezilen gymmatlyklar, şol sanda muzeý gaznalarynda saklanylýan, seýrek duş gelýän tapyndylar halkymyzyň baý medeni mirasyny we onuň köpugurlylygyny, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli özboluşlylygyny saklap galan gadymy milli däplerimizi şöhlelendirdi. Gözelligi we çeperçiligi bilen haýran galdyrýan haly önümleri, ajaýyp milli nagyşlar, bezeginde Änew medeniýetine mahsus binagärlik sungatynyň täsin alamatlary duşýan halk amaly-haşam döredijiliginiň eserleri aýratyn ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda çapdan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny hut şu gadymy medeniýete bagyşlady. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine beslenýän hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi esasynda “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda türkmen halkyna ajaýyp sowgat boldy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri, hususan-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, şu gezekki medeni çäreleriň TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ösdürjekdigine ynam bildirdi. Onda bellenilişi ýaly, Änew halkymyzyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän gadymy şäherleriň biridir.
Umumy mejlisiň çäklerinde ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu alymyň zähmeti netijesinde Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi. 1904-nji ýylda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda üsti açylan täze açyş şol döwür üçin haýran galdyryjy waka öwrüldi. Arheologiýa ylmynyň ösüşine uly goşant goşan bu barlaglar häzirki günde-de adamzadyň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Änew depeleri adamzat ýaşaýşynyň birnäçe gatlaklaryndan ybaratdyr. Olaryň her biri döwrüniň täsin aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Änewiň ak bugdaýyň gadymy watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň galyndylarynyň ýüze çykarylmagy haýran galdyryjy waka boldy. Bu açyş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleriň ösdürilip ýetişdirilen dünýädäki ilkinji sebitleriniň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Şeýlelikde, Änew medeniýetiniň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty — gadymy ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri bolupdyr.
Çykyşynyň ahyrynda Luiza Pampelli şöhratly taryhyna hem-de Rafael Pampelliniň we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny öwrenmäge bimöçber goşant goşan beýleki meşhur alymlaryň ýagty ýadygärligine hormat bilen garaýandyklary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, ähli türkmenistanlylara çäksiz hoşallyk bildirdi.
Halkara türki akademiýasynyň ýolbaşçysy Şahin Mustafaýew, Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň prezidenti Aktoty Raimkulowa, “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Li Ok Rýon we beýlekiler myhmansöýer garşylanandyklary hem-de şu gezekki çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler diňe bir türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň wagyz edilmegine goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, türki dilli halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda-da uly ähmiýete eýedir.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Änew medeniýetini öwrenmek hem-de dünýä wagyz etmek», «Änewiň gadymy we orta asyrlar medeniýeti» atly iki bölümde dowam etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu irki ekerançylyk medeniýetiniň ýadygärlikleriniň öwrenilmegi XIX asyryň ahyrlarynda başlandy. 1886-njy ýylda Zakaspiý oblastynyň ýolbaşçysy general A.W.Komarow Änew galasyndan uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän iki sany beýik depä üns beripdir. Şondan soň R.Pampelliniň geçiren toplumlaýyn ylmy-barlag işleriniň netijesinde toplanan täsin arheologik maglumatlar Merkezi Aziýanyň eneolit döwrüniň ýadygärliklerini öwrenmekde uzak wagtlap esasy çeşme bolmagynda galypdyr.
Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewiň gadymy depeleriniň ХХ asyryň bütin dowamynda alymlaryň üns merkezinde bolmagy tötänden däldir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bu täsin ýadygärlikleri öwrenmekde täze tapgyryň başyny başlap, türkmen taryhçylarynyň we arheologlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekýär. Olaryň açyşlary halkymyzyň beýik geçmişiniň bolandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden toplan maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi.
1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda Änewiň demirgazyk depesindäki arheologik gazuw-agtaryş işlerini belli arheolog Frederik Hibertiň ýolbaşçylygyndaky türkmen-amerikan ylmy-barlag topary alyp bardy. Onuň netijeleri boýunça ýörite ylmy monografiýa çap edildi. Şu gezekki maslahatyň hormatly myhmany bolmak bilen, alym Änewde alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda professor Rafael Pampelliniň barlaglarynyň ylmy nukdaýnazardan aýratyn möhüm ähmiýetini belläp, ýakynda Änewde we Merkezi Köpetdagda geçirilen arheologik işleriň Ahal sebitiniň Ýewraziýa giňişligindäki ösen gadymy medeniýetleriň wajyp merkezi bolandygyny ýene bir gezek doly tassyklandygyny aýtdy.
Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Natalýa Solowýowa, öz gezeginde, Türkmenistanyň çäginiň gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň dörän möhüm ojagy bolandygyny belledi. Bu ýerde dürli medeniýetleriň özara alyşmasy bolup geçipdir. Rus we türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri diňe bir arheologiýa ylmynyň üstünliklere eýe bolmagyna ýardam etmän, eýsem, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem goşant goşar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen topragynda halkara arheologik ekspedisiýalaryň birnäçesi iş alyp barýar. Ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde bu ýerde saklanyp galan köp sanly arheologik ýadygärlikleriň medeni gatlaklaryny öwrenýärler. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolmak bilen, halkymyzyň taryhy we medeni tejribesini, türkmen döwletliliginiň şanly senelerini şöhlelendirip, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni mirasynyň obýektleriniň ýokary ähmiýete eýediginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Umumy pikire görä, Türkmenistanyň ajaýyp arheologik ýadygärlikleriniň biri bolmak bilen, Änew sebitiň gadymy medeniýetiniň subutnamasy hökmünde goralyp saklanylmalydyr. Hemişe bol hasyl berýän bereketli türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygy baradaky pikir ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
2005-nji ýylyň iýulynda alymlar tarapyndan subut edilen suwarymly ekerançylygyň gadymy ojagynyň ýerleşýän ýerinde Milli “Ak bugdaý” muzeýi açyldy. Bu ajaýyp bina özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanyp, altyn sümmülleri asmana uzaýan bugdaý dessesini ýatladýar. Türkmen topragynda ýedi müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen, 1904-nji ýylda Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleriniň dowamynda tapylan bugdaý däneleri muzeýiň iň möhüm gymmatlygy bolup durýar. Bu ýerde Köpetdagyň eteklerindäki beýleki ekerançylyk ýerlerinden tapylan tapyndylar hem ýerleşdirilendir. Olar daşdan ýasalan däne üweýjiler, el degirmen daşlary, bürünç kätmen, bürünç pyçak, ýag alynýan gural, keramiki gaplaryň bölekleri we beýleki iş gurallary, hojalyk abzallarydyr. Geçirilen barlaglar eneolit we bürünç eýýamynda Merkezi Aziýa sebitiniň oturymly ekerançylarynyň, sähra maldarlarynyň arasynda özara medeni gatnaşyklaryň bolandygyny tassyklaýar.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýene bir maslahat guraldy. Bellenilişi ýaly, häzirki Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän çägi asyrlaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň söwda ýollarynyň, medeni däp-dessurlarynyň kesişýän, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi, görnükli alymlary, akyldarlary we şahyrlary dünýä getiren künjek bolupdyr.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmak ýaly jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde uly tagalla edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda medeni syýasat, türkmen halkynyň ruhy ösüşi, däp-dessurlary baradaky pikir-garaýyşlaryny beýan edýär. Ilkinji nobatda türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatynyň kemala getirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda baý taryhy-medeni mirasymyzyň düýpli öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda uly işler alnyp barylýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky güwäsidir.
Ýygnananlar dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi, şeýle hem türki döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklary, umumy medeni däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary wagyz etmäge gönükdirilen giň möçberli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar diňe bir şöhratly taryhy bilen däl, eýsem, ajaýyp keşbi bilen hem özüne çekýän Änewiň häzirki zaman ösüşine haýran galandyklaryny aýtdylar. Alymlaryň pikirine görä, Änew topragynyň her bir künjegi özünde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary saklaýan hazynalar mesgenidir. Bu gymmatlyklar geljekde taryhyň henize çenli açylmadyk syrlaryny dünýä äşgär edip biler.
Maslahatda edilen ähli çykyşlar ýörite ýygyndyda çap edildi.
«Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar forumyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.