Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine
Hepdäniň wakalary
Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine
Çap edildi 19.03.2024
1231

Türkmenistanyň Prezident saýlawlarynda halkymyzyň öz ykbalyny, Watanymyzyň geljegini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ynanan gününden bäri geçen iki ýylyň içinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Netijede, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär. Türkmenistan daşary ýurt bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kuwwatly önümçilik pudagyna eýe bolan, senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Daşary syýasatymyz bolsa ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogy alyp barmaga ýardam edýär. Geçen hepdäniň wakalary hem hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk möwsüminde işleriň talabalaýyk guralmagyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berjaý edilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy babatda degişli tabşyryklar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

38 sany binadan we desgadan ybarat bolan toplum ýokary hilli, şol sanda sulfata durnukly sement önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly gorlaryna baý sebitde gurlup, olaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. Munuň özi kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge, öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer. Täze zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

“ThyssenKrupp Polysius GmbH” kompaniýasy tarapyndan gurnalan, degişli güwänama bilen tassyklanan enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri Germaniýanyň DIN senagat standartlaryna, sement senagatynyň hem-de IEC, ISO standartlaryna doly laýyk gelýär. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy we kärhananyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi taslamany durmuşa geçirmekde ugur alnan esasy ýörelge boldy. Şunda önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagyna, daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegine uly ähmiýet berildi.

14-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi. Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda gazanylan oňyn netijeler bilen bir hatarda, energetika ulgamy ýaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Şolaryň hatarynda milli hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin teklip edilýän “Menzilara bank” ulgamynyň mümkinçilikleri, Aşgabat Halkara howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen bagly meseleler bar. Tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlaryny almak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatynyň iş maksatnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Mundan başga-da, Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriljek “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatyna, şeýle-de şu ýylyň ýaz aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde meýilleşdirilen halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 10 — 13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministri bilen Wenada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň awstriýaly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady, maliýe-bank, energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, gurluşyk ulgamlarynda, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryş işi, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de türkmen-awstriýa işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipler hödürlenildi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana we ony ýerine ýetirmek üçin Buýruga gol çekdi.

16-njy martda döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda ilkinji bag nahalyny oturdyp, ýazky bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy bilen Maslahat köşgüniň aralygyndaky çäkde täze seýilgäh zolagynyň düýbi tutuldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hökmünde 7 sany bag nahalyny oturtdylar.

Şol gün tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe agaç nahallarynyň ekilmegi täze seýilgähleriň we tokaý zolaklaryň döremegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredip, ajaýyp türkmen topragynyň gözelligine görk goşdy.

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşyk geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Çykyşlaryň dowamynda TDG-niň giňişliginde häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde bu guramanyň barha artýan orny, syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” we şol ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistan bilen gurama agza ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ýaşuly nesliň bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, hususan-da, geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşyk geçirdi. Soňra TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasy berildi. Mukaddes Oraza aýynda bu asylly däp paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “TRT Haber” teleýaýlymyna giňişleýin interwýu berdi. Ol türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, TDG-niň halkara gatnaşyklaryň häzirki ulgamyndaky orny, Aksakgallar geňeşiniň esasy wezipesi barada uly gyzyklanma bildirilen söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli meseleler babatda öz garaýyşlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz içerki ösüş we daşary syýasat ugrunyň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň durmuşyndaky häzirki tapgyry häsiýetlendirip, halklarymyzyň düýpli bähbitleriniň, abadançylygynyň, parahatçylykly, durnukly ösüşiniň hatyrasyna ýurdumyzyň türki döwletler bilen özara gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini belledi.

12-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, TDG-niň we Aksakgallar geňeşiniň işi, gurama agza ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, geçen ýylda Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen teklipleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini kabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasynyň, bitewi ulag strategiýasynyň döredilmegini hyzmatdaşlygyň yzygiderli we uzak möhletleýin ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça strategiýasyna ünsi çekip, Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet berilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, geňeşiň işiniň esasy wezipesi mynasyp ýaş nesli kemala getirmekden ybaratdyr.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisinde Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rolando Enrike Barrou Noaddan ynanç hatynyň kabul edilmegi geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi hem-de köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli Söwda-senagat edarasynda sergi we maslahat geçirildi. Sergide ykdysadyýetiň bank ulgamy, gurluşyk, elektron senagat, ulag-logistika hyzmatlary, himiýa önümçiligi, hojalyk tehnika we halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi, azyk we gaýtadan işleýän senagat, söwda, obasenagat işi, bilim, sport ulgamy, çaphana, dizaýn işleri, halk senetçiligi we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

“Täze önüm”, “importyň ornuny tutýan önümçilik” ýa-da “innowasion tehnologiýa” ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler serginiň ähli pudaklaýyn bölümlerinde diýen ýaly görkezildi. Hususy önümçilige täze tehnologiýalary we öňdebaryjy nou-haulary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, hususy önüm öndürijileriň önümleriniň we hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän önümlere sarp edijileriň ünsüni çekmek, telekeçilik işini özgertmek bilen bagly meseleleri toplumlaýyn seljermek maslahatyň gün tertibiniň esasy ugurlary boldy. Şeýle hem soňky ýylda ýerine ýetirilen işler we gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary hili, elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan milli önümlerimiz geçen ýekşenbe güni paýtagtymyzda açylan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň dükanlarynda giňden hödürlenildi. Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş we ykdysady ösüşi, Watanymyzyň täze belent sepgitlere tarap ynamly öňe gitmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň barha ýokarlanmagyny ugur edinýän netijeli içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow