Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili
Hepdäniň wakalary
Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili
Çap edildi 09.01.2024
941

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy.

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly halkymyzyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy. Eýranyň Türkmenistan bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň biridigi bellenildi. Şunda ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Mejlisiň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alyp barýan işi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak, dokma senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berildi.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek barada aýdyldy. Şeýle-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maý aýynda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki sammiti geçirmek teklibi beýan edildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz saparyň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogar döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar bu hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmakda berk syýasy binýat bolup hyzmat edýär.

Saparyň birinji gününde BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge geljekde-de uly üns beriljekdigini tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen, şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn depginini belledi. Ylym, medeniýet we sport ugurlary boýunça ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Abu-Dabi şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda “ýaşyl” energetikany ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça meselelere garaldy.

Iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherinde “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-däki hyzmatdaşlary we maýadarlary türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna hem-de beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ýolagçy uçarynyň uçuşynyň amala aşyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de “Flydubai” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek boýunça-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine iki günüň dowamynda gol çekilen beýleki möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär. Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda ýurdumyzyň awiaparkynyň üstüni ýetiren täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatdan Abu-Dabi şäherine ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Bu täze uçar hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul etdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda täze ýylyň ilkinji gününde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagyny görkezmek bolar. Körpeleri Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Ýaş zehinli çagalar myhmanlaryň öňünde öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler, hyjuw bilen goşgy okadylar, eziz Watanymyza, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan joşgunly tanslary we aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňky habarlar
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.04
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
top-arrow