Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
Çap edildi 24.12.2023
1116

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl syýasy we ykdysady ugurlarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ýazylýar.

18-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Habar berlişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Ýazky oba hojalyk işlerinde peýdalanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, onuň bellenilýän günlerinde bazarlary, dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, aýlyk zähmet haklaryny öz wagtynda tölemek hem-de ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belledi we birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň üsti bilen “swap” görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesine aýratyn üns çekildi. Elektroenergetika hem-de ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýurdumyzyň ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Mundan başga-da, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi toplandy.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, iki doganlyk halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtap, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna guraljak bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bank ulgamyna häzirki zaman halkara ülňülerini ornaşdyrmak, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, “Guwlyduz” kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak, dokma pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan zähmet haklarynyň doly tölenendigi barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary hem doly maliýeleşdirildi.

Täze ýyl baýramy, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde göz öňünde tutulýan esasy çäreler barada hasabat berildi. Olaryň hatarynda dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri, aýdym-sazly dabaralary guramak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky arçalaryň ýanynda çagalar üçin Täze ýyl çäreleri guralar. Ýetip gelýän 2024-nji ýylyň ilkinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar gowşurylar.

Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça degişli işe başlamak, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça pudagara toparynyň çäginde howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hünärmenler toparyny döretmek we bu topara BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmegi tabşyrmak, Türkmenistanda geçirilen Ýaşlar maslahatynyň netijeleri boýunça we türkmen ýaşlarynyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen 18-nji Bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy esasynda 2024-nji ýyl üçin howanyň üýtgemeginiň öňüni almak hem-de uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak teklip edildi. Şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak babatda täze ugurlary açmak meselesini öwrenmek boýunça teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady hem-de bu gatnaşyklarda öňe sürülýän başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we ähli watandaşlarymyzy Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlen, ozal hem birnäçe gezek ykrar edilen bu halkara resminamalara dünýä ýurtlarynyň köp sanlysynyň awtordaş bolup çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň nobatdaky beýany boldy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen oňyn garaýyşlary we başlangyçlary giňden goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz raýat awiasiýasynyň utgaşykly işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi.

Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawy, olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy hem-de Bilim ministrligine, Aşgabat şäheriniň häkimligine, Söwda-senagat edarasyna beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda 2023-nji ýylda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň ugurlar boýunça okgunly ösüşine ýokary baha berildi. Syýasy, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň başynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler. Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlis tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde gurnalan ajaýyp arçanyň töweregindäki bagtyýar çagalaryň şowhunyna goşulyp, olary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady we körpelere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açyp, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň, milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünlikleriň aýdyň beýany boldy. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmek ugrunda tagalla edip, ählumumy abadançylygyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köpugurly kuwwatyny netijeli peýdalanýar.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow