Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň binýady
Hepdäniň wakalary
Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň, durnuklylygyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, mizemez jebisligiň binýady
Çap edildi 17.12.2023
1131

12-nji dekabrda ýurdumyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini berkarar etmegiň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň nyşany bolan bu sene milli hem-de halkara derejede aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Gutlagynda biziň içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Aşgabatda ýaýbaňlandyrylýan çäreleriň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş ulgamlarynda, milli sanly ulgamy ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wezipelerine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek, parahatçylyk we özara hormat goýmak diplomatiýasyny has-da ilerletmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürmek bilen, halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşýar.

Şol gün paýtagtymyzda geçirilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisinde hem-de “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly forumda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi. Aşgabatda iri halkara maslahatlardyr duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi döredijilikli daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwletimiziň daşary syýasat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, geljekde öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin daşary syýasatda üstünlikli bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň dowamynda Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, dünýä döwletleri bilen medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirdi. Parlamentara gatnaşyklaryň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda zerur tagallalary edýär. Energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar.

Hormatly Prezidentimiz geljekde köp işleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatlarynyň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.

Halkymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçmek hakynda Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, iş kesilen 302 raýat, şol sanda daşary ýurtly 6 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda”, “Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasyndaky käbir halkara resminamalary tassyklamak hakynda”, şeýle hem “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylmagyny göz öňünde tutýan “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararlara gol çekdi.

15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, milli banklaryň kart ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň kadalaryny kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk-senagat we himiýa toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini, olaryň eksportyny artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bagly meselelere garaldy.

2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, festiwallary guramak hem-de Änew şäheriniň geljek ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli medeni çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin berlen güwänamalar barada aýdylyp geçildi. Şolaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin” atly güwänamasy, BSGG-niň Supramilli referens barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary bar.

Şeýle-de türkmen ýaşlarynyň 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylymlary, bilim, pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika, tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça bilim almaklarynyň maksadalaýykdygy barada bellenilip geçildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda teklipler hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu tekliplere garap, Daşary işler ministrligine iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelýändigi bilen baglylykda, ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

16-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz “Gökdere” söwda merkezine gelip, bu ýerde işleýän satyjylar bilen söhbetdeş boldy, söwdanyň guralyşy we aglaba bölegi ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilip, halkymyza hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy barada hasabatlar berildi. Gahryman Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zamanyň talaplaryna hem-de milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi, baýramçylyk dabaralarynyň, çagalar üçin bolşy ýaly, ulular üçin hem ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmelidigi nygtaldy.

Her ýylyň 14-nji dekabrynda dabaraly bellenilip geçilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen dabaraly maslahatda zähmetde aýratyn tapawutlanan ýangyç-energetika toplumynyň işgärlerine we geologlara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem nebitgaz toplumynyň üstünliklerini we gazananlaryny şöhlelendirmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralan XI Türkmen-german lukmançylyk forumynyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy. Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. German hünärmenleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan köpugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Olar köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi geçirildi. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan sergide amaly-haşam sungatynyň, keramika, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatynyň we halk senetçiliginiň ussatlarynyň eserleri, şol sanda haly, keçe, kilim önümleri, milli lybaslar, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan beýleki esbaplary görkezildi. Çäräniň dowamynda mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy guraldy, bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary ýaňlandy. Şu gezekki giň gerimli sergi dostluk we döredijilik baýramy hökmünde ýakymly duýgulara beslenip, ýurtlaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde nobatdaky ädim boldy.

Geçen hepdäniň anna güni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy uzak garaşylan, şatlykly baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Bu ýerde beýikligi 44 metre deň bolan, belent başy “2024” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen ajaýyp arça ýerleşýär. Asylly däbe görä, dabara Aýazbaba, onuň agtygy Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary gatnaşdylar. Bu ýyl olaryň ýoly ajaýyp Arkadag şäherinden başlan täze ugur boýunça geçdi.

Soňra ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalary dürli öwüşginli yşyklara beslenip, döwlet tarapyndan mähir bilen gurşalan bagtyýar çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy.

Ilkinji gezek Arkadag şäheriniň söwda toplumynda geçirilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp wakalaryň biri boldy. Baş baýraga Bahar Annaýewa mynasyp bolup, ýeňijä göçme kubok, gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilik, halklaryň dostlugy, raýdaşlyk ýaly asylly ýörelgelere doly laýyk gelýär.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow