Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ak gämi» sahna oýny «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» festiwalynda görkezildi
Medeniýet
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ak gämi» sahna oýny «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» festiwalynda görkezildi
Çap edildi 15.11.2023
4619

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ikinji gününi Alp Arslan adyndaky milli drama teatry öz sahnasynda «Ak gämi» sahna oýnuny görkezmek bilen dowam etdirdi. Oýun sowet we gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň adybir hekaýaty esasynda goýlupdyr.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä belli ýazyjynyň bu eserine Türkmenistanyň köp teatry birnäçe gezek ýüzlenipdi. Ýurdumyzyň teatrlarynda dürli ýyllarda onuň «Ene toprak», «Elwan ýaglykly serwim» ýaly eserleri boýunça goýlan sahna oýunlary görkezildi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlygynda goýlan «Ak gämi» Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýene bir döredijilik açyşy boldy, munuň netijesinde bolsa şu täsin oýun dünýä indi.

Oýunda ähli zat – gahrymanlaryň döwre laýyk özboluşly geýimlerinden başlap, sahna bezegine çenli jikme-jik elekden geçirilipdir. Özboluşly üýtgeýän bezegi döredendikleri üçin sahnany bezän suratkeşler Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowyň we Mekan Annamyradowyň işini aýratyn belläsim gelýär.

Oýnuň ýordumy ösen medeniýetden uzakda, goragly daglyk ýerlerde ýaşaýan bir oglanjygyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Onuň kakasydyr ejesiniň ornuny atasy tutýar. Oglanjyk kakasynyň ak gäminiň kapitanydygyna, günlerde bir gün balyga öwrülip, arzyly gämä ýüzüp baryp, ata-enesiniň gujagyna doljakdygyna gara çyny bilen ynanýar. Emma çaga arzuwynyň takdyryna hasyl bolmak ýazylmandyr, çünki bolsady dünýäsi diýseň port we birdemde weýran bolýar.

Baş gahrymanyň keşbini Süleýman Gurbanow zehin siňdirip, ýerine ýetirdi. Oňa bu keşbiň üstünde işlemäge režissýor we teatryň hünärli aktýorlary kömek edipdirler. Şonuň üçin-de oglanjygyň keşbi aşa gowy çykdy. Oýna gatnaşan aktýorlary agzaman geçmek mümkin däl. Ähli gahrymanlar öwüşginli we täsirli. Momun babanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçykow ýerine ýetirdi. Tersin gahryman Orazkulyň keşbini bolsa Döwran Hojageldiýew janlandyrdy.

Oýna Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gerek Hojamämmedowa, Gülşat Meňliýewa, Sülgün Täşliýewa we beýlekiler-de gatnaşýar.

Festiwalyň myhmanlary we oňa gatnaşanlar Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň bu oýnuna ýokary baha berdiler. «Bagtyýar döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäginde Aşgabatda geçirilen görkeziliş Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna gabat getirildi. Bu sene 12-nji dekabrda görnükli ýazyjynyň watany Gyrgyzystanda dabaraly ýagdaýda bellener.

Soňky habarlar
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
top-arrow