Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça Gazna dörediler
Medeniýet
Türkmenistanda ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça Gazna dörediler
Çap edildi 23.12.2016
4344

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Medeniýet minisrtliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça Milli müdirligiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak boýunça Gazna dörediler. Bu Gaznanyň işi taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak we rejelemek çärelerine hem-de ol işleriň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanda taryhy-medeni mirasy, şol sanda türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýetine degişli ýadygärlikleri goramak meselesi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki güne çenli ýurdumyzda taryhy-arheologiýe desgalarynyň 1300-e golaýy hasaba alyndy, olaryň 245-si döwlet ähmiýetli ýadygärlik derejesine: Ahal welaýatynda 109, Daşoguz welaýatynda 9, Balkan welaýatynda 23, Lebap welaýatynda 17, Mary welaýatynda 87 desga şu derejä eýedir. Medeni we tebigy mirasyň bütindünýä sanawyna Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän Gadymy Merw, Köne Nusaý we Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary girizildi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow