Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini bir ýere jemledi. Olar meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlary hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenler we teatry öwrenijilerdir.
Türkmenistan giň hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ählumumy özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary alyşmak hem-de beýlekiler üçin netijeli peýdalanýar. Bu bolsa halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýär.
Milli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara dialogynyň yklymlaryň syýasy, ykdysady, medeni taýdan ýakynlaşmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Medeniýet dürli halklarydyr milletleri birleşdirýän özboluşly köpri bolup, onuň dili hemmeler üçin elýeterli we düşnüklidir. Döredijilik çäreleri, şolaryň arasynda teatr, kino festiwallary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň Medeniýet günleri, halkara sergi-ýarmarkalar we beýlekiler dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüldi. Bu çäreler medeni gatnaşyklary giňeltmek, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmek we baýlaşdyrmak, özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär. Diňe şeýle çäreleriň netijesinde köpasyrlyk medeniýetara dialogyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny gazanmak mümkindir.
...Teatr festiwalynyň açylyş dabarasy gatnaşyjylaryň ählisiniň öz ýurtlarynyň medeni däp-dessurlaryny görkezýän baýramçylyk çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki özboluşly milli lybaslaryň göllerinde şöhle saçýan meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi geçirildi. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň artistleri köp sanly tomaşaçylar üçin özleriniň ajaýyp sahna çykyşlaryny, akrobatik oýunlaryny taýýarlapdyrlar. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar milli saz gurallarynda ýaňlanýan sazlary diňlemäge, bu gurallaryň, şaý-sepleriň ýasalyşyny synlamaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada özboluşly bezelen sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary öz taýýarlan edebi-çeper çykyşynda Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak arkaly myhmanlary garşylaýarlar.
Dabaraly aýdym-sazlar ýaňlanyp, alypbaryjylar dürli dillerde teatr festiwalynyň açylýandygyny yglan edýärler. Teatryň girelgesiniň öňünde teatr sungatynyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny, döwletleriň we halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny baýlaşdyrmakda goşýan goşandyny beýan edýän sazly-horeografik çykyş ýaýbaňlandyryldy. Artistler dürli dillerde milli medeni mirasymyzy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazananlaryny wasp etdiler.
Kiçi sahna çykyşlarynda sazlaşykly görkezilen dürli keşpler — Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy, äpet güller bilen bezelen Ýer şarynyň töwereginde ýerine ýetirilýän tanslar, asmanda erkana uçýan ak kepderiler teatr festiwalynyň esasynda duran ynsanperwerlige ýugrulan ideýalary, sahna sungatynyň bu ajaýyp baýramynyň ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň we bagtyýarlygyň hatyrasyna guralýandygyny aýdyň şöhlelendirdi. Soňra dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň binasynda dowam etdi. Onuň zalynda aýdym-sazyň owazy astynda meşhur türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň eserleriniň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, sahna bezegçileriniň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Görkezilen eserleriň hatarynda türkmen kino we teatr sungatynyň görnükli wekilleriniň çekilen suratlary, kino eserlerinden pursatlary janlandyrýan köp sanly görnüşler, sahna bezegleri, teatr lybaslary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, sahna bezegleriniň maketleri, milli medeniýetimize, sungatymyza bagyşlanan kitaplar, suratlara baý neşirler, meşhur bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, sahnalaryň ýazgylaryny özünde jemleýän ses hem-de wideoýazgylar bar. Bu sergi tutuşlygyna aýry-aýry türkmen teatrlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň teatr sungatynyň merkezi hökmünde paýtagtymyzyň baý döredijilik durmuşyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny, ruhy dünýäsini şöhlelendirdi.
Soňra teatr zalynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, festiwala gatnaşyjy döwletleriň döredijilik wekiliýetleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik ugurly ýokary hem-de ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara we ony guraýjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly ynsanlaryň köňüllerini birleşdirer, adamlary birek-birek bilen ýakynlaşdyrar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berer. Dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini subut edýän bu halkara festiwalyň işiniň üstünlikli geçjekdigine berk ynanýaryn” diýip belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz halkara festiwallaryň ösüp barýan ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýetleri, häzirki zaman teatr sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna uly ýardam berýändigini, medeniýet, sungat we teatr işgärleriniň gözýetiminiň giňelmegine, iş tejribeleriniň has-da kämilleşmegine öz täsirini ýetirýändigini nygtady.
“Bu halkara teatr festiwalynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem ähli ugurlardaky ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli çäre boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Çäräniň dabaraly böleginden soňra, ýurdumyzyň teatr artistleri we tans toparlary «Türkmeniň ýoly — parahatçylyk, dostluk, doganlyk ýoly» atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan sahnany görkezdiler. Soňra ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda häzirki döwürde ýetilen sepgitler baradaky wideofilmiň görkezilişi boldy. Ol teatr sungatyny ösdürmekde Diýarymyzda alnyp barylýan ägirt uly işleri, tehniki çylşyrymlylyga eýe bolan islendik sahna eserlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylan teatrlaryň binagärlik aýratynlyklaryny beýan etdi.
Dabara festiwala gatnaşýan döwletleriň ýurdumyza gelen döredijilik wekiliýetleriniň gutlag çykyşlary bilen dowam etdi. Şu forumyň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek spektakllaryň wideoşekilli tanyşdyrylyşy guraldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ilkinji täsirlerini paýlaşan teatr wekiliýetleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri kärdeşleriniň wekilçilikli forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmäge döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Myhmanlar şeýle duşuşyklaryň milletara döredijilik aragatnaşygynyň ösdürilmegi, medeniýetleriň we özboluşly däp-dessurlaryň özara baýlaşdyrylmagy üçin täze gözýetimleri açýandygy baradaky umumy pikiri biragyzdan makulladylar.
Gözden geçirilişe teatr toparlarynyň öz iň gowy işlerini getirendikleri bellenildi. Olaryň içinde täze sahna eserleri we tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolan meşhur spektakllar bar.
Döredijilik forumynyň birinji gününde ýurdumyzyň birbada dört teatrynda görkezilişler boldy. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlap taýýarlan «Köňüller kelamy» atly sahna eserini görkezdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň «Goragsyzlar güni» atly spektakly sahnalaşdyryldy. Agşamlyk Baş akademiki drama teatrynda köp sanly myhmanlaryň we teatry öwrenijileriň dykgatyna Mahmujon Wahidow adyndaky Täjik döwlet ýaşlar teatrynyň «Watandan uzakda bir gije» atly sahna eseri hödürlenildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň döredijilik toparyny kabul etdi. Bu ýerde «Şasenem we Garyp» spektakly tomaşaçylara görkezildi.
Festiwalyň maksatnamasy žanr babatda dürli sahna eserlerini öz içine aldy. Sahna eseriniň tomaşaça ýetirilişiniň görnüşine garamazdan, ähli spektakllar arassa duýgulara, çuňňur özboluşlylyga, keşpleriň ynandyryjy ýerine ýetirilişine beslenendigi, hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam mertebesi, ýaşaýşyň manysynyň gözlegi ýaly mowzuklar bilen berk baglanyşýandygy bilen tapawutlandy. Tomaşaçylar teatr artistleriniň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar ajaýyp aktýorçylyk, režissýorçylyk we sahna ussatlyklaryny görkezdiler.
Festiwalyň 15-nji noýabrdaky ikinji güni hem teatr sahnalaryna baý bolar. Günüň birinji ýarymynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň artistleri «Gelmişek» atly spektaklyny teatr muşdaklaryna ýetirerler. Şol gün türkmen artistleri we režissýorlary öz sungat ussatlyklaryny açyp görkezerler. Alp Arslan adyndaky milli drama teatry festiwalda görkezmek üçin Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powestiniň esasynda döredilen sahna eserini saýlap aldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary Gowşutgeldi Daňatarowyň «Leýli we Mejnun» pýesasynyň esasynda «Söýgi hem hasrat» atly sahna eserini tomaşaçylara görkezer.
Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatrynyň artistleri Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda myhmançylykda bolup, onuň sahnasynda «Magtymguly Pyragy» atly sahna eserini görkezerler.
16-njy noýabrda hem birnäçe gyzykly çäreler meýilleşdirildi. Festiwalyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly spektakl görkeziler. Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda «Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda» atly pýesany hödürlär. Forumyň çäklerinde teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmäge, onuň milli medeniýeti gorap saklamakdaky ähmiýetine, ruhy mirasy geljek nesillere geçirmäge hem-de «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjy döwletleriň teatrlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bagyşlanan iş maslahaty geçiriler.
Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin binagärlik we taryhy ýerler, muzeýler bilen tanyşlygy, başga-da birnäçe gyzykly gezelençleri göz öňünde tutýan giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol gün agşamlyk Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda festiwalyň jemlerini jemlemek, oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, tapawutlandyryş nyşanlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak hem-de çäräniň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Şeýlelikde, teatr sungatynyň şu gezekki gözden geçirilişi köklerini asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan baý milli mirasly, döwrebap sepgitleri gazanýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer ugurly syýasaty durmuşa geçirýändigini nobatdaky gezek tassyklar.