Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
Medeniýet
Albukerkede Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilýär
Çap edildi 24.10.2023
2743

Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çärelere badalga berildi. Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-a ugradyldy. Şol wekiliýete medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň hut ABŞ-nyň Albukerke şäherinde geçirilmegi tötänden däldir. Albukerke 1990-njy ýyldan bäri Aşgabadyň doganlaşan şäheridir. Medeniýet işgärleriniň şu gezekki saparynyň hem ozalky saparlary ýaly işjeň ösýän türkmen-amerikan gatnaşyklarynda görnükli we ýatdan çykmajak waka boljakdygyna şek-şübhe ýok.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň wekiliýeti Albukerke muzeýine baryp gördüler we bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Giň dabaraly çäräniň açylyş gününde türkmen wekiliýetiniň agzalary Albukerkäniň Nýu-Meksiko uniwersitetine baryp gördüler we ýokary okuw mekdebi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu ýerde uniwersitetiň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşykda ylym-bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günki çäreleriň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda türkmen topragynyň şöhratly oglunyň hormatyna dürli çäreler guralýar, onuň döredijilik mirasy milli we dünýä ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň wekilleri Magtymguly Pyragynyň eserlerini mundan beýläk-de öwrenmegiň, olary wagyz etmegiň we dünýäniň beýleki dillerine terjime etmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlarda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň umumy medeni ähmiýetine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän giň halkara ylmy hyzmatdaşlygy syýasatynyň, Türkmenistanda bolup geçýän, ýurdumyzyň ylmy mekdebini ösdürmäge hem-de ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge, ylmy barlaglary işjeňleşdirmäge ýardam edýän iri möçberli özgertmeleriň uly goruny hem-de oňyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Türkmenistanda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilelikde bellenilip geçilýär. Häzirki döwürde türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işlere badalga berildi.

Maslahatda Magtymguly Pyragynyň eserlerine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklary hem çäksiz sarpa goýýandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşmak barada edilýän tagallalar türkmen halkyny guwandyrýar.

Ýakynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Türkmen akyldarlarynyň «Dünýäniň hakydasynda» orun almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar onuň jemini jemläp, ylym we medeniýet babatda mundan beýläk-de ýakyndan hem-de netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen aýdym-sazlarynyň, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Albukerkede Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär.

Soňky habarlar
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
top-arrow