Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy-medeni miras—Watanymyzyň milli baýlygy
Medeniýet
Taryhy-medeni miras—Watanymyzyň milli baýlygy
Çap edildi 22.12.2016
4193

Şu gün Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orta asyrlaryň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan zallaryň täzelenen we üsti ýetirilen sergisi açyldy. Muzeýleriň işini döwrebaplaşdyrmak, olaryň işine döwrebap çemeleşmeleri, jemgyýetçiligiň, aýratyn-da ýaşlaryň ünsüni we gyzyklanmasyny milli baýlygymyza çekmäge ýardam edýän täze konseptual çözgütleri ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-taryhy hakyda ähmiýet bermek maksadynda şol wezipeleri degişli ulgamyň işgärleriniň öňünde goýýar. Bu işiň möhüm bölegi-muzeý gaznalarynyň üstüni ýetirmek we aýawly saklamak, sergi toplumlarynyň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak bolup durýar. Orta asyr döwrüniň gymmatlyklarynyň ýygyndysy bolan ekspozisiýany täzelemek boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslama hem hut şoňa gönükdirilendir. Bu döwür türkmen halkynyň taryhynda beýik döwürleriň biri bolup, şol wagt şöhratly ata-babalarymyzyň döreden imperiýalary Hindistandan başlap, Orta Ýer deňzine çenli ägirt uly çäklere öz täsirini ýetiripdir. Şol döwürden biziň günlerimize çenli bir wagtlar alyp bolmadyk galalaryň we uly şäherleriň, binagärligiň aýry-aýry ajaýyp nusgalarynyň hem-de hakyky sungat eserleriniň ýadygärlikleri gelip ýetdi. Täzelenen zallary synlamaga gelenler muzeýiň genji-hazynasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şol gymmatlyklaryň köpüsi ozal ýapyk gaznalarda saklanýardy, indi bolsa diwarlyklarda mynasyp ornuny tapdylar. Görkezilen arheologik serişdeler irki orta asyr döwründen başlap, XV-XVI asyrlara çenli--Garagoýunly we Akgoýunly türkmen hökümdarlarynyň, olaryň bäsdeşleri bolan Teýmirleňiň dolandyran, şeýle hem biziň beýik ata-babalarymyz Ärtogrul gazynyň we onuň nesilleriniň döreden Osman imperiýasynyň gülläp ösen döwrüne çenli birnäçe taryhy eýýamlary gurşap alýar. Täze eýýamyň III asyrynda Parfiýa patyşalygynyň döwründen soň onuň çägi Sasanidler döwletiniň düzümine girýär. Bu ajaýyp müňýyllygy Ýewropada Gündogar Renesanasy diýip ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, munuň şeýledigini uzakda galan ýyllaryň sungat we binagärlik eserleri şaýatlyk edýär. Tomaşaçylara görkezilen muzeý gymmatlyklary senenamalaýyn düzüldi. Ony ilkinji dünýä dini--otparazlyga bagyşlanan bölümler açýar. Onuň gözbaşlaryny alymlar türkmen topragy bilen ynamly baglanyşdyrýarlar. Mälim bolşy ýaly, ot ybadathanalary arheologlar tarapyndan Ahal welaýatynyň Babadurmaz obasynda, Artyk obasynyň golaýyndaky Akdepe baýyrlygynda hem-de Sarahs ýaýlasyndaky Melehaýran gadymy şäherinde tapyldy. Otparazlar barada we olaryň keramatly Awesta kitabynda beýan edilen jaýlamak dessurlary barada maglumat berýän özüne çekiji tapyndylaryň birnäçesi Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda tapyldy. Täze eýýamyň ilkinji asyrlarynyň gyzykly maglumatlary Amyderýanyň kenarlaryndan gözbaş alýar. Indiki bölümde ýerleşdirilen tapyndylar irki orta asyrda gülläp ösen Merwde bolan hristiançylyk hakynda subutnamalary getirýär. Rim imperýasynda, soňra bolsa Wizantiýada bu diniň eýerijileri kowlup, Gündogara gaçyp gitmäge mejbur bolanda hut Merwde howpsuz gaçybatalga tapýarlar we birnäçe asyr bu ýerde mesgen tutýarlar. Bu gadymy megapolisde hristianlar bilen bir wagtda buddaçylaryň iri jemgyýeti bolupdyr. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän täsin tapyndylaryň arasynda ýüzi ýazgyly ajaýyp keramiki küýze bolup, onuň içinde VI asyryň külterlenen budda kagyzy, şeýle hem Hindistandan getirilen birnäçe daş heýkeljikler bar. Gadymy Merwiň Gäwür galasynda ýarym asyr mundan öň geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde üsti açylan, laýdan ýasalan Buddanyň ägirt uly heýkeli oturdylan budda ybadathanasynyň nähili görnüşde bolandygyny barada aýdyň düşünje almak üçin muzeýiň işgärleri şol döwrüň ýönekeý gurluşyklarynyň ýanynda bu toplumyň durky täzelenen ajaýyp dioramasyny döretdiler. Türkmenistanyň çäginde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar—otparaz, hristian we budda dinleriniň buthanalary bu ýerde ähli döwürlerde we eýýamlarda dürli milletleriň we dinleriň wekilleriniň agzybir ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Hoşniýetliligiň ilkibaşdan türkmeniň ganynda bolup, milli häsiýetiň möhüm alamaty bolup durýandygyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde amala aşyrýan “açyk gapylar” we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hem çuňňur taryhy köklerine eýe bolup durýar. Täze ekspozisiýada nesilbaşymyz Oguzhanyň baştutanlygynda Ýewraziýanyň giňişliklerinde ägirt uly imperiýany döreden oguz türkmenleriň hem medeniýeti öz beýanyny tapdy. Bu bölümiň iň uly gymmatlyklarynyň biri balbalyň heýkeli bolup, ol arheologlar tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde tapyldy hem-de ýakynda Nýu-Ýorkyň Metropoliten muzeýinde guralan “Köşkler dünýäsi we Älem jahan: Seljuklaryň Beýik döwri” atly halkara sergisinde görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde VII asyrda Arap Halyflygynyň döremegi hem-de türkmenleriň yslamy kabul etmegi bilen bagly bolan taryhy döwür bilen tanyşdyrylýar. Täze dünýä dininiň baýdagy astynda ýurdumyzyň çäginde ata-babalarymyzyň esaslandyran iki sany kuwwatly döwleti—Beýik Seljuklaryň we Horezm şalarynyň döwletleri emele geldi. Olar XI-XII asyrlarda diňe öz täsiriniň tiz ýaýramagy bilen däl-de, eýsem ozaly bilen medeniýetiniň, ylmynyň we biliminiň okgunly ösmegi bilen tanalypdyr. Hut şol döwre degişli tapyndylaryň köp sanlysy saklanyp galyp, olar indi muzeýiň gymmatlyklaryna öwrüldi. Tapyndylaryň arasynda emeli mermer daşyndan kesilip ýasalan metjitleriň we kümmetleriň binagärlik nusgalary, çeper timarlanan we haşamlanan demir we bürünç gaplar, nagyşly syrçalanan keramika, mis, kümüş we gyzyl pullar, gymmat bahaly metallardan ýasalan şaý-sepler we beýlekiler bar. Soltan Sanjaryň kümmetiniň hem-de Soltan Kalynyň binalarynyň nusgalary ekspozisiýada merkezi orny eýeleýär.Bu görnüş diňe uzak geçmişe nazar aýlamaga däl-de, eýsem şol şöhratly döwrüň ruhuny duýmaga mümkinçilik berýär. Muzeýiň ýene-de bir täzeligi—ol hem ähli zallarda ekspozisiýalaryň bölümlerine degişli türkmen, iňlis we rus dillerinde teswirlemeli diwarlyklar peýda boldy, Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge uly goşant goşan görnükli gündogarşynas alymlaryň we arheologlaryň portretleriniň galereýasy döredildi. Bu muzeýiň gymmatlyklaryny halkara ölçegleriniň derejesine geçirmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň birinji tapgyrydyr. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň ahyrynda täzelenen ekspozisiýanyň açylmagy ýurdumyzyň muzeýleri tarapyndan tanyşdyrylýan gymmatlyklary aýawly saklamak, üstüni ýetirmek we öwrenmek boýunça giň gerimli işleriň dowam edýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Ol, elbetde, tematiki ýylyň we aýry-aýry taslamalaryň çäkleri bilen çäklenmeýär, çünki muzeý gymmatlyklary—bu jemgyýetiň we onuň medeni barabarlygynyň özboluşly ýylýazgysy, halkyň genetiki hakydasy bolup, olar ýaşlarda gymmatlyk çelgilerini kemala getirmäge, öz kökleriňe, şeýle hem häzirki döwrüň täzeliklerine we innowasiýalaryň maksatlaryna akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeni mirasyň obýektlerini diňe goramak bilen çäklenmän, eýsem olary häzirki durmuş ulgamyna çekmek, olara aýawly garamak möhüm bolup durýar. Çünki milletiň taryhynyň we ruhubelentliliginiň egsilmezligi ýaly bu “altyn goruň” häzirki düşündirilmegi ýurdumyzda we jemgyýetde amala aşyrylýan özgertmeleriň yzygiderliligini we üznüksizligini kepillendirýär.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow