Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen we amerikan sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti
Medeniýet
Türkmen we amerikan sazandalarynyň bilelikdäki baýramçylyk konserti
Çap edildi 22.12.2016
2847

Şu gün Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň belli amerikan sazandalary bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Täze ýyl baýramçylyklarynyň öň ýanyndaky bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy. Türkmen-amerikan konsertini Roždestwo baýramçylygynyň şatlygyny paýlaşmaga gelen dostlar bilen ajaýyp duşuşyk boldy. Teatryň zalyna bu agşam Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, paýtagtymyzyň saz ugurly okuw mekldepleriniň mugallymlary we okuwçylary, aýdym-sazyň köpsanly muşdaklary ýygnandylar. Roždestwo günlerinde dostlara sowgat paýlamak däbe öwrüldi. Bu däbe görä, amerikan dirižorlarynyň üçüsi Derek Bekwold, Eýweri Ueýt we Petr Toresen, şeýle hem meşhur wiolonçelçi we skripkaçy Kim Maý Nian aşgabatlylara hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryna saz sowgadyny bagyşladylar. Olar tarapyndan amerikan nusgawy sazlaryna öwrülen häzirki zaman kompozitorlarynyň eserlerinden konsert maksatnamasy düzüldi. Olarda Täze ýyl we Roždestwo baýramçylyklary öz beýanyny tapdy. Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we sazandalary ýerine ýetirijiler bolup çykyş etdiler. Hususan-da, konserte gatnaşmaga hor, skripkaçylaryň hem-de wiolonçelçileriň topary, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri çagyryldy. Sahnada Leroý Anderseniň, Aaron Koplendiň, Mark O,Konnoryň, Daren Mitçeliň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Owazlar maşgala bagtyýarlygynyň hem-de geljegimizi hemişe baglanyşdyrýan Täze ýylymyza röwşen umytlaryň ýyly mähri bolup doldy. Türkmen-amerikan konserti, hakykatdan-da, diňleýjiler, ýerine ýetirijiler we hatda, Amerikadan gelen myhmanlaryň özi üçin hem sowgat boldy. Bilelikdäki taslama gatnaşmaklary ýaş türkmen sazandalaryna özleriniň ýerine ýetirijilik tejribelerini baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow