Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.10.2023
1547

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Jenap Amanul Hak hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Bangladeş Halk Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen giň özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, döwletiň hem-de jemgyýetiň dowamly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar hakynda aýratyn durlup geçildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň oňyn mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugruň döwletara dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gazanan tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna mynasyp bolan Bitarap Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap M.Amanul Haky Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Amanul Hakyň belent şahsy häsiýetleri özüniň möhüm wezipesini oňa bildirilen ynama mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi we Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan aýtjak ähli sözlerine, aýratyn-da, Size uly hormat goýýandygym, hakyky dostlugym baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Mohammed ŞAHABUDDIN,

Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow