Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 11.10.2023
2615

Hormatly alymlar!

Gadyrly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Geçmişde hem, biziň günlerimizde hem dünýä halklarynyň ýokary hormatyna, söýgüsine mynasyp bolan ylym äleminiň ägirdi Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli gymmatly mirasyny nazary we amaly taýdan çuňňur, hemmetaraplaýyn öwrenmekde, bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde halkara ylmy maslahatyň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Gadyrly myhmanlar!

X-XI asyrlar adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylan eýýamydyr hem-de bütindünýä ähmiýetli wakalara baý döwürdir. Şol döwürde Gündogarda we Günbatarda ylymdyr bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň serhedi has-da giňelipdir. Senetçilik, binagärlik, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, söwda gülläp ösüpdir, şäher medeniýetleri kemala gelipdir. Dünýäniň meşhur alymy, akyldary we lukmany, tebigaty öwrenijisi hem-de saz nazaryýetçisi, matematigi we psihology, derman öwrenijisi, astronomy, şahyry Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina hem şol döwrüň beýik şahsyýetleriniň biridir.

Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr. Muňa Gündogaryň bu meşhur akyldarynyň we lukmançylygyň täze, has baý eýýamyny esaslandyran beýik ynsanyň umumadamzat ähmiýetli mirasynyň hemişe öwrenilendigi, öwrenilýändigi, adynyň müň ýyldan gowrak wagtdan bäri hem adamzadyň dilinden düşmän gelýändigi-de doly şaýatlyk edýär.

Hormatly alymlar!

Abu Aly ibn Sinanyň ömrüniň 12 ýyldan gowragy Günbatardan Gündogara, Günortadan Demirgazyga uzap giden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen biziň ýurdumyzyň topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Alym ömrüniň bu gysga döwründe Gündogaryň nur saçýan ylym merkezleri hökmünde meşhurlyk gazanan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde ýiti zehini, akyl-paýhasy, tejribeleridir gözlegleri, düýpli nazaryýetleri bilen täze ylmy açyşlary amala aşyrmak hem-de deňsiz-taýsyz eserleri döretmek bilen, geljek nesillere beýik mirasy galdyrypdyr. Abu Aly ibn Sinanyň şol döwrüň ylmynyň kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary biziň halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary bilen lukmançylyk ylmynyň atasy hasaplanýan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly uly göwrümli eseri neşir edildi. Akyldaryň heýkeli Aşgabat şäherindäki «Ylham» seýilgähinde oturdylyp, ady ebedileşdirildi. Dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan Ibn Sina döwrüniň «ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Jelaleddin Hydyr ýaly görnükli alym-lukmanlaryň ýörelgeleri, halk lukmançylygynyň tejribeleri, häzirki zamanyň ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlary esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde we lukmançylyk ylymlaryny ösdürmekde ägirt uly işlere badalga berildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahsyýetlere goýulýan belent hormatyň nyşanydyr, olaryň ylymdaky ägirt uly ornunyň we hyzmatynyň ykrar edilmegidir.

Hormatly alymlar!

Gadyrly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz Türkmenistanyň ylmy-medeni durmuşynda möhüm waka öwrüljek «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyzyň abadan bolmagyny, ylmy-döredijilik ylhamyňyzyň gaýnap-joşmagyny arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow