Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkymyzyň beýik ruhy ýörelgelerine eýerip
Jemgyýet
Halkymyzyň beýik ruhy ýörelgelerine eýerip
Çap edildi 21.12.2016
2063

Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi. Bu ýadygärlik binasy halkymyzyň ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň kemala gelmegine goşant goşan Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň döwlet işlerine hoşallygynyň we sarpasynyň nyşany, ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy ýörelgelerine eýermek bilen biziň aramyzdan gidenleri ýagşylykda ýatlamagyň alamaty bolup durýar. Ilkinji Prezidentiň başlan ýoly häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyklykda, ägirt uly maksatlara we iri möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen düýpli özgertmeler netijesinde döwletimiz örän baý medeni mirasa, belent ruhy kämillige eýe bolup, nesilleriň hakydasynda dowamatlylyk esasynda dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Biraz wagtdan ýadygärligiň ýanyndaky ýerler ajaýyp gül çemenlerine bürendi. Köp öwüşginli halyny ýatladýan bu görnüşler Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine bolan sarpanyň çuňňur beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow