Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.10.2023
2222

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Türkmenistan Wengriýanyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ýakyn gatnaşyk saklaýan hyzmatdaşy bolup durýar. Wenger-türkmen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň ýurtlarymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Wenger Hökümetiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydygyna Sizi ynandyrmak isleýärin. Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wiktor ORBAN,

Wengriýanyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Serbiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, Siziň ýurduňyza we türkmen halkyna mundan beýläk-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ibermek meniň üçin aýratyn hormatdyr.

Halklarymyzyň özara düşünişmeginiň we dostlugynyň Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin esas bolup durýandygyna berk ynanýaryn hem-de muňa öz şahsy goşandymy goşmaga taýýardyryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ana BRNABIÇ,

Serbiýa Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda geljekde-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna üstünlik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Petr FIALA,

Çehiýa Respublikasynyň Hökümetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Tailand Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýändigime şatdyryn.

Tailand Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary kanagatlanma bilen belleýärin we ony iki ýurduň bähbidine ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde berkitmek üçin Siz bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaga umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Sretta TAWISIN,

Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Owganystanyň we owgan halkynyň adyndan Size hem-de doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistan dostlukly ýurt bolmak bilen, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty alyp barýar hem-de Owganystan bilen hemişe hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga ähmiýet berýär. Biz geljekde-de hyzmatdaşlygymyzy berkitmek ugrunda işleri alyp barmaga taýýardygymyzy bildirýäris. Iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitli bolan infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen dürli taslamalary amala aşyrmak ugrunda döredilen mümkinçilikler, bu taslamalary durmuşa geçirmekde ýurduň degişli edaralarynyň we düzümleriniň hyzmatdaşlygydyr tagallalary üçin Türkmenistana tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk dileýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,

Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ýollamagy uly mertebe hasaplaýaryn.

Türkmenistan ösüşiň we özgerişleriň ýolunda ynamly gadam urmak bilen, halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda, dünýä bileleşigindäki ornuny berkitmekde uly üstünlikleri gazanýar. Türki dünýä Türkmenistanyň durnukly ösüşine buýsanç bilen syn edýär, şeýle hem bitaraplyga ygrarlydygyna ýokary baha berýär.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, ýurduňyzyň we halkyňyzyň mundan beýläk-de ösmegine hem-de özgermegine gönükdirilen jogapkärli işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Kubanyçbek OMURALIÝEW,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ajaýyp ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu şanly günde türkmen halky Garaşsyzlyk döwründe gazanan üstünliklerini baýram edýär hem-de halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýoluny dowam etdirýär.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydyr, umumadamzat bähbitlerine durnukly hem-de hemmetaraplaýyn ösüşiň tarapdarydyr. Siziň ýurduňyzyň sebit we dünýä syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge goşýan uly goşandyna Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna agza döwletler tarapyndan ýokary baha berilýär. Pursatdan peýdalanyp, syýahatçylyk ulgamynda täze belent sepgitlere ýetmek ugrunda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin tagalla etmäge ygrarlydygymy we taýýardygymy tassyklaýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa geljekde-de gülläp ösüş, abadançylyk, her bir günüň täze üstünliklerden hem-de sepgitlerden doly bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Zurab POLOLIKAŞWILI,

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow