Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Çap edildi 04.10.2023
1570

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ýüzbe-ýüz duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Mikail Jabbarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Munuň özi ählihalk söýgüsiniň we sarpasynyň ykrar edilmegidir.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň, gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Biziň ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu hyzmatdaşlygyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary özara goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow birek-birege berk jan saglyk we abadançylyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow