Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 29.09.2023
2575

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ispaniýa Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Özüne ynanylan möhüm wezipäni ýerine ýetirmek bilen, diplomat öz tarapyndan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine ýakyndan ýardam etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda jenap Markos Gomes Martinese Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler barada gürrüň berildi. Diplomat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen hem tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ispaniýanyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Diplomat Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Ispaniýa Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň täze, anyk mazmun bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize jenap Markos Gomes Martinesi Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi habar bermek hormatyna eýedirin. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüniň jogapkärli wezipesini Siziň hormatyňyzy gazanmaga mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk we Türkmenistana abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hoşniýetli we dostlukly arzuwlar bilen,

Filipp VI,

Ispaniýanyň Patyşasy.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow