Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 27.09.2023
1760

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurduňyz durmuş-ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, halkara giňişlikde belent abraýdan peýdalanýar.

Siziň şahsy tagallalaryňyzyň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň tutuş toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň halklarymyzyň bähbidine doly laýyk gelýändigine, sebitde durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynda gazanylan ägirt uly üstünliklere, ýurduňyzda amala aşyrylan giň möçberli özgertmelere Siziň — parasatly Lideriň bitiren ägirt uly hyzmatlarynyň netijesi hökmünde garaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Siziň başyny başlan uzak möhletleýin maksatnamalaryňyzyň, özgertmeleriňiziň häzirki günde yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylýandygy bizi şatlandyrýar. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyzyň yzygiderli esasda pugtalandyrylmagyna ýokary baha berýärin. Ýakynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ähli ylalaşyklaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi strategik hyzmatdaşlygymyzy täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Aramyzda ýola goýlan özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň, şeýle hem yzygiderli esasdaky dialogymyzyň doganlyk halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, alyp barýan asylly işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de öňegidişlik arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistana hem-de onuň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.

Goý, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarymyz mundan beýläk-de ösüşlere beslensin!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow