Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2023
1409

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ak mermerli Aşgabada ilkinji gezek gelip, onuň ajaýyp keşbine haýran galýandyklaryny we baýramçylyk günlerinde bu ýerde bolmagyň özlerinde uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mübärekläp we Garaşsyz Watanymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Şolaryň hatarynda «CARPI Tech» fransuz kompaniýasy hem bar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen bagly özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini, hususan-da, suw üpjünçiligi ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy babatdaky tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen bazarynyň Fransiýanyň işewür toparlary üçin örän özüne çekijidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, daşky gurşawy goramaga, suw serişdelerini dolandyrmaga hem-de suwarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Döwletimiz ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin daşary ýurtly kompaniýalar we abraýly halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýäniň tejribesini hem-de ylmyň iň täze gazananlaryny ulanmakda halkara işewür toparlaryň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz «CARPI Tech» kompaniýasynyň suw desgalarynda ulanylýan gidroizolýasiýa we suwasty ýörite gatlaklaryň önümçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýandygyny we toplan oňyn tejribesini nazara alyp, onuň uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi we bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
04.03
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.03
Şanly senäniň hormatyna
04.03
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.03
2026-njy ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
03.03
Mejlisiň deputatlygyna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.03
Ene mukaddesligine sarpa
02.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 258 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow