Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Halkymyzyň ruhy baýlygy — döredijilikli ösüşleriň binýady
Medeniýet
Halkymyzyň ruhy baýlygy — döredijilikli ösüşleriň binýady
Çap edildi 25.09.2023
2389

Şöhratly taryhy müňýyllyklara uzaýan merdana halkymyz ençeme asyrlaryň dowamynda ýurdumyzyň berkararlygyny arzuwlap geldi. Garaşsyzlyk, erkinlik, özbaşdaklyk baradaky belent maksatlar eýýamlardan-eýýamlara, döwürlerden-döwürlere geçip, gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan türkmen halkynyň diliniň senasyna, göwünleriniň penasyna öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip belleýşi ýaly, döwlet berkararlygy merdana ata-babalarymyzyň kalbynda umyt-arzuw bolup ornady, milli buýsanç bolup kök urdy. Asyrlaryň dowamynda arzylanan Garaşsyzlyk bu gün alnymyzdan ak Gün bolup dogdy, ykbalymyza bagt şuglasyny çaýdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalandyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda, bagtyýar halkymyzy il-ýurt bähbitli işlere ruhlandyrmakda, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde, medeniýet, neşirýat-çaphana edaralarynda, teleradioýaýlymlarda, habar beriş serişdelerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmekde, umuman, medeniýet ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, medeniýet, sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda medeniýetiň hem sungatyň uly orny bar. Türkmen medeniýeti milletimiziň ruhy özboluşlylygyny beýan etmek bilen, dünýä bileleşiginiň köpugurly gymmatlyklaryny şöhlelendirýär we adamzadyň taryhy-medeni mirasynyň bir bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň medeni syýasaty, taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalary türkmen halkynyň köpasyrlyk medeni-ahlak gymmatlyklaryny, ruhy bitewüligini aýawly saklamakda, jemgyýetiň ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakyndaky aladalaryndan ruhlanýan döredijilik işgärleri — ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar, suratkeşler, kompozitorlar, kino we teatr artistleri, režissýorlar medeni ulgamyň ösüşini täze belentliklere götermekde joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, medeniýet öýlerinde, medeni maksatly okuw mekdeplerinde medeniýet işgärleriniň alyp barýan köpugurly işleri watandaşlarymyzy belent maksatly işlere höweslendirmäge, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga uly ýardam berýär.

Her ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda asylly däbe öwrüldi. Döwletimiziň baş baýramyny — Garaşsyzlyk toýumyzy öz asylly zähmetiň, işde gazanýan üstünlikleriň bilen şöhratlandyrmak, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her bir raýat üçin uly bagtdyr. Şu babatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň durmuşynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredýän döwrebap eserleriniň, Diýarymyzda geçirilen medeni çäreleriň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyny has-da dabaralandyrmaga özboluşly goşantdygyna aýratyn buýsanýarsyň.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzyň durmuşynda uly taryhy waka boldy. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, öz halkyna, ýurduna beýik söýgüsinden dörän ajaýyp şäherdir. Halkymyzyň hormatly Arkadagymyza synmaz söýgüsiniň, belent buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Arkadag şäheri döwletli döwranda ýaşaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň dünýä ýalkym saçýan nurly kuýaşydyr. Arkadag şäheri bagtyýarlygyň baky owazydyr, ýaşaýyş-durmuş medeniýetimiziň döwrebap derejede özgerýändiginiň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň nyşanydyr.

Arkadag şäherindäki medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy buýsançly wakadyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen bu ajaýyp şäherde Medeniýet müdirliginiň, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Bularyň ählisi Arkadag şäherinde medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Her bir ýyl özüniň şöhratly wakalary bilen berkarar döwletimiziň täze taryhy senenamasynda aýratyn orun alýar. Şunda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda giň möçberli işleriň alnyp barlandygyna göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, festiwallar, sergiler, forumlar we konsertler dünýäde ählumumy parahatçylygy, hoşniýetli halkara gatnaşyklary has-da ösdürmekde, dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň özara dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň medeni syýasaty hoşniýetlilige hem-de dost-doganlyga esaslanmak bilen, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Şu ýylyň iýun aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Awaza — 2023» atly halkara tans we folklor festiwaly hem dostlukly halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegine, täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmegine giň ýol açdy. Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň, daşary ýurtly tans we folklor toparlarynyň konsertleri, «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat, daşary ýurtly tans goýujylaryň türkmen kärdeşleri bilen döredijilik duşuşygy, ussatlyk sapaklary üstünlikli guraldy. Häzirki wagtda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) guramagynda türki döwletlerde halkara derejedäki medeni forumlar, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guralan medeni çäreler hem dostlukly gatnaşyklarymyzyň binýadyny pugtalandyrmaga özboluşly goşant goşýar. Aşgabat şäherinde geçirilen Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi-de dostlukly türki halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmeginde möhüm ähmiýetli halkara çärä öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şol sanda ÝUNESKO-nyň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem türkmen halkynyň milli gymmatlyklarydyr. Bu ugurda Türkmenistanyň 2011-nji ýylda goşulan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasy iş guraly bolup hyzmat edýär. Bu Konwensiýanyň çäginde 2015-nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungaty, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Geçen ýylyň 1-nji dekabrynda bolsa Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi bu guramanyň agzalan sanawyna girizildi.

Ýakynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şu ýylyň maýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem ähli watandaşlarymyz üçin buýsançly waka boldy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri şu ýylda Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Monako, Gazagystan, Wengriýa, Fransiýa, Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Azerbaýjan, Täjigistan, Italiýa, Eýran, Hytaý, Gyrgyzystan, Rumyniýa, Ermenistan, Germaniýa ýaly döwletlerde geçirilen çärelere, bäsleşiklere gatnaşdylar hem-de halkara baýraklara mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlar, tanyşdyrylyş dabaralary, sergiler, konsertler, döredijilik duşuşyklary ýaly birnäçe çäreler geçirilýär. Şu ýylda Rumyniýada, Ermenistan Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan çäreler guraldy. 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», ýurdumyzyň Änew şäheriniň bolsa şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler ussat şahyrymyzyň hormat-sarpasyny dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda syýahatçylygy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň medeni syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň dowamynda-da syýahatçylyk pudagynda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çärä Russiýadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Eýrandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Horwatiýadan, Bolgariýadan, Türkiýeden iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim berýän edaralar bolan çeperçilik we sungat mekdeplerinde medeniýetiň, sungatyň, döredijilik işiniň köpugurly görnüşini emele getirýän 60-dan gowrak hünär ugry boýunça bilim berlip, hünär öwredilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk dabaralary mynasybetli dürli mazmunly çäreler, konsertler, sergiler we dabaralar guralýar. Bilim edaralarynda okaýan zehinli talyplardyr okuwçylar ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Olaryň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragynyň eýeleri, bu bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Ýaňlan, Diýarym!”, “Çalsana, bagşy!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýarlar. Çagalar has irki ýaşlaryndan başlap, Gulbaba adyndaky baýragy almak ugrunda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

Muzeýler halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny öwrenmek, türkmen halkynyň durmuşda ulanan milli medeni mirasyna degişli gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak, ilata wagyz etmek boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýan medeni aň-bilim hem-de ylmy-barlag edaralarydyr. Şu ýylda ýurdumyzyň muzeýlerinde halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, medeni mirasa degişli gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak, şeýle hem ilata wagyz etmek boýunça maksatlaýyn işler alnyp baryldy. Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek we muzeýleriň halkymyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, Arkadag şäherinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň binalary ulanmaga berildi. Häzirki wagtda döwlet muzeýlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata edilýän muzeý hyzmatlaryny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň 3-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, gaýynenesi Ogulabat ejäniň nepis alajalarydyr olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi halkymyzyň durmuşynda ajaýyp waka boldy. Milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nepis sungaty ýaş gelin-gyzlary milli ruhda terbiýelemekde, olarda edep-terbiýäni kämilleşdirmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýete eýedir.

Kitaphanalar halkymyzyň neşir önümlerine, dürli habarlara bolan isleglerini yzygiderli kanagatlandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän täze özgertmeleri, döwlet syýasatynyň mazmunyny ilata wagyz etmek, düşündirmek boýunça iş alyp barýarlar. Jemgyýetimizde bolup geçýän uly ösüşler, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işine öz täsirini ýetirýär we olaryň işini täzeçe guramagyň depgininiň yzygiderli güýçlendirilmegini talap edýär. Kitaphanalar ruhy baýlyklarydyr gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýar döwrüniň ruhy galkynyşyny döretmekde wajyp orny eýeleýär. Taryhyň jemgyýetçilik gurluşlarynyň ählisinde bolşy ýaly, häzir hem kitaphanalar hakyky medeniýetiň, ruhy baýlygyň merkezi bolup durýar. Ýurdumyzyň raýatlarynda watanperwerlik duýgularyny oýarmakda kitaphanalaryň orny örän uludyr. Olaryň gaznasynda asyrlarboýy toplanan edebiýatlar agzalan wezipeleri çözmäge uly goşant goşýarlar. Döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň binýadynda 2016-njy ýylyň 29-njy iýulynda ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi we işe girizildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli mirasyň we däp-dessurlaryň galkynýan, has-da rowaçlanýan eýýamyna gadam basdy. Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň barha ýokarlanýan häzirki zamanasy teatr sungatyna hem altyn şuglasyny çaýýar. Öz gözbaşyny örän gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bardyr. Türkmen milli teatr sungaty häzirki günlerde täze sahna eserleri bilen has-da baýlaşyp, ösüşiň belent derejelerine çykýar. Milli teatr sungatymyz daşary ýurtlarda-da giňden ykrar edilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň teatr sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiň döremegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik meýdanynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ussatlarynyň uly topary kemala geldi. Olar milli teatr sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýmakda bimöçber hyzmatlary bitirdiler we bitirýärler. Sungat ussatlarynyň kemala getiren özboluşly mekdebini häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe teatr sungatyna söýgüsi we yhlasy bilen gelen nesiller dowam etdirýärler.

Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän teatrlaryň gurlup ulanmaga berilmegi, «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda zähmet çekýän döredijilik işgärleriniň has-da kämilleşmegine mümkinçilik döretdi. Ösüp gelýän ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde, halkymyzy dünýä hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşdyrmakda-da teatryň uly ähmiýeti bardyr. Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir, jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny bolan sungatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde döwrüň möhüm meselelerini gozgaýan eserleri sahnalaşdyrmak, görkezilýän sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň hilini gowulandyrmak, bagtyýar halkymyza döwrebap medeni hyzmaty guramak ugrunda döredijilikli işler alnyp barylýar.

Sungat — bu adam zähmetiniň miwesi bolup, edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg, binagärlik, amaly-haşam sungaty, saz, aýdym, tans, teatr, sirk, kino, telewideniýe we beýleki görnüşleriniň üsti bilen hakykatyň çeper keşpde beýan edilmegidir. Türkmen aýdym-sazlarynyň mowzugy örän giňligi bilen tapawutlanýar. Şolaryň esasy temasynyň watançylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Aýdymçy-sazandalarymyzyň, tans-folklor toparlarynyň çykyşlary ýurdumyzda bellenilýän baýramlarymyzy uly şowhuna besleýär.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet we sungat işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehin aýratynlyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!», zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», ýaş aýdymçylaryň «Ýylyň parlak ýyldyzy» ýaly bäsleşikleri zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, milli medeniýetimizi kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Döredijilik dünýäsinde döredýän eserleriniň kämilligi, çeperçilik derejesiniň ýokarylygy bilen aýratyn tapawutlanan medeniýet, sungat işgärlerine hormatly atlar dakylyp, döwlet sylaglary gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi. Munuň özi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda neşirýat-çaphana işi hem yzygiderli ösdürilip, pudagyň maddy-tehniki binýady berkidilýär. Milli poligrafiýamyzyň halkara ülňülere laýyk getirilmegi, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy Diýarymyzyň dünýäniň neşir önümleri bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Türkmen baý edebi we medeni mirasy, asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten çeper, ylmy edebiýaty, sungaty bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Häzirki döwürde milli mirasymyz täze gazanylanlar bilen has-da baýlaşdyrylýar. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny ösdürmek we wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şu babatda neşirýat-çaphana pudagynyň işgärleriniň öňünde-de anyk wezipeler durýar. Olar çeper eserleri, okuw kitaplaryny, gazet-žurnallary öz wagtynda we ýokary hilli çap etmek bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy-ahlak terbiýesiniň ösdürilmegine, olara dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim berilmegine, halkymyzyň gahrymançylygynyň wasp edilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Döwrüň talabyna laýyklykda, gazetleriň we žurnallaryň täze görnüşleri döredilýär. Häzir ýurdumyz boýunça olaryň sany 54-e ýetdi. Şolaryň 28-si žurnallar, 26-sy bolsa gazetlerdir. Gazet-žurnallaryň köpüsiniň pudaklaýyn, eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli neşirlerdigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak, metbugat neşirleriniň we beýleki neşir önümleriniň elektron görnüşlerini ilata elýeterli etmek babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň metbugat.gov.tm saýty, turkmenmetbugat.gov.tm internet saýty we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly metbugat neşirleriniň elektron nusgalary okyjylara ýetirilýär.

2015-nji ýylda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde kämil enjamlar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumy açylyp ulanmaga berildi. Toplumda önümçiligi elektron usulda dolandyrmagyň «Prinect», «Asystem Monoritm» ýaly iň häzirki zaman ulgamlary ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen ozal birnäçe adamyň uzak wagtlap edýän işini sanlyja minutda ýerine ýetirip bolýar. Toplumyň işe girizilmegi bilen, orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmalarynyň ählisini şol ýerde çap etmäge mümkinçilik döredi. Bu ýerde halkara buýurmalary ýerine ýetirmäge-de mümkinçilikler bar. Metbugat öýi toplumynda, edara we önümçilik binalaryny bilelikde alanyňda, jemi 800-e golaý adam üçin işlemäge dünýä standartlaryna laýyk gelýän şertler döredildi.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň teleradioýaýlymlar ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ýaýlyma berilýän telegepleşikleriň hili barha gowulandyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda döredilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň esasy wezipesi ýurdumyzyň teleradio ulgamy, telefilmler we kinofilmler babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Komitetiň düzüminde teleýaýlymlaryň 8-si — “Altyn Asyr: Türkmenistan”, “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmenistan”, “Türkmen owazy”, “Aşgabat”, “Sport”, “Arkadag” teleýaýlymlary, şeýle-de “Watan”, “Çar tarapdan”, “Miras”, “Owaz” radioýaýlymlary bolup, olarda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady we durmuş häsiýetli özgertmeleri, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini wagyz etmek wezipesi ileri tutulýar. Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezi döredildi. Merkeziň işi Türkmenistan baradaky maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmaga, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary hakynda anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmäge, halkara habarlar agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny giňden beýan etmek, internet serişdelerinde täzeliklerdir habarlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler baradaky syn-seljerme häsiýetli makalalary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň halkara maglumat giňişligine goşulyşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. TDH-nyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri maglumatlary alyşmakda dünýäniň habarlar agentlikleri, döredijilik we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden, Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýan etmekde iri halkara neşirleriň gyzyklanmalaryny goldamakdan ybaratdyr.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet ulgamynyň ösdürilmegini ileri tutýan oňyn syýasaty özüniň anyk netijesini berýär hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetiniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna giň ýol açýar.

M.Mämmedowa,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow