Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 24.09.2023
1313

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň taryhy we medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň iki halkyň bähbidine yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Türkiýe Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyňyzyň çäklerinde Sizi görmäge şatdyryn.

Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlardaky ösüşiniň dowam etdiriljekdigine, halkara abraýynyň has-da pugtalanjakdygyna ynanýaryn.

Ýakyn ýyllarda, bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, dostlukly halklarymyzyň bähbidine ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň gün tertibiniň üstüni täze başlangyçlar we maksatnamalar bilen ýetirip biljekdigimize umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Size doglan günüňiz mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

Siz täzeçil syýasy we döwlet işgäri bolmak bilen, Türkmenistanyň hem-de onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine yhlasly zähmet çekýärsiňiz. Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri Siziň GDA gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärler.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size egsilmez güýç-kuwwat we Türkmenistanyň abadançylygynyň, onuň raýatlarynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Dmitriý Kobiskiý,

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Size ýurduňyzyň we halkyňyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, strategik durmuş-ykdysady taslamalary, giň gerimli jemgyýetçilik ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärin. Ýurduňyza bolan söýgiňiz, kakaňyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň işini dowam etdirmekdäki yhlasyňyz döredijilikli işiňizde Size ylham bersin! Size berk jan saglyk, ruhubelentlik, Türkmenistanyň bähbidine ähli asylly başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin.

Doganlyk halklarymyzyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga umyt etmek we Size hormat goýmak bilen, şeýle hem Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň hem-de ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna,

Rustam Minnihanow,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany.

Soňky habarlar
31.03
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
31.03
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy: täze taryhy döwürde senagat taýdan ösüşiň nusgasy
31.03
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
31.03
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi
30.03
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
30.03
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
30.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 350 million 748 müň dollaryndan gowrak boldy
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
29.03
Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary
top-arrow