Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Çap edildi 22.09.2023
1441

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana, ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Ermenistan Respublikasy syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de ýurtlarymyzyň özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydygynyň iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Waagn Haçaturýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, bagt, Ermenistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow