Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 22.09.2023
1966

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň soňky döwürde hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan oňyn döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de RF-niň Baştutany Russiýanyň Primorýe ülkesiniň çagalaryna ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putina mähirli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunda döwlet we Hökümet derejelerinde geçirilýän gepleşikler möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy mähirli duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de onuň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine özara gyzyklanmany tassykladylar. Söwda-ykdysady ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini kanagatlanma bilen nygtap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, söwda, ulag, oba hojalyk pudaklaryny görkezdiler.

Şeýle hem işjeň häsiýete eýe bolan medeni-ynsanperwer dialog we yzygiderli ösdürilýän parlamentara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Döwlet Baştutanlary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, iki dostlukly ýurduň bähbitlerine doly derejeli strategik hyzmatdaşlygyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow