Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko minnetdarlyk bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko minnetdarlyk bildirdi
Çap edildi 14.09.2023
1353

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Häzirki zaman dünýäsinde kosmonawtika düýpli ylmy barlaglary talap edýän we ýokary tehnologiýalar pudagydyr. Kosmos we ýer hadysalarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň öwrenilmegi, kosmos barlaglarynyň geçirilmegi, onuň netijeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut kosmosyň öwrenilmegi netijesinde, biziň durmuşymyzda adamlaryň ýaşaýşyny ýeňilleşdirýän, senagat ösüşini üpjün edýän täze işläp taýýarlamalar ýüze çykýar. Köp adamlar üçin kosmonawtlaryň ylmy-barlag işleri uly gyzyklanma döredýär.

Men Siziň «TASS» habarlar agentliginiň ýörite habarçysy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna meýilleşdirýän täze kosmos ekspedisiýaňyz baradaky habary watandaşyňyz hökmünde buýsanç duýgusy bilen kabul etdim. Siziň işleriňiziň netijesiniň köp millionly okyjylaryň älem giňişligine akyl ýetirmeginde möhüm maglumat çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk, şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow