Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi
Çap edildi 14.09.2023
1742

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, birinjiden, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip eder. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu Dialogyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçirmäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy teklip ediler.

« Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow