Baş sahypa
\
Medeniýet
\
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 12.09.2023
1684

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçen ýylyň ýanwarynda yglan edilen bu özboluşly döredijilik gözden geçirilişi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän çäreleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Milli aýdym-saz sungatymyzyň gymmatlyklaryny, onuň däplerini, şol sanda bagşyçylygyň özboluşly mekdebini dowam etdirmäge we wagyz etmäge gönükdirilen bu medeni çäre ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň halkymyzyň baý ruhy mirasyna aralaşmaklaryna şert döredýär.

Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten köpugurly bagşyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň bitewüligini özünde jemleýän ýokary ussatlygyň nusgasydyr. Ol köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda döräp, janly ýerine ýetirijilik tejribesi bilen nesiller tarapyndan kämilleşdirilipdir. Halkymyzyň durmuşyny şöhlelendirýändigi üçin döredijiligiň bu görnüşine hemme döwürlerde-de aýratyn hormat-sarpa bilen garapdyrlar.

Dutaryň umumadamzat gymmaty we aýdym-saz ussatlygy barada aýdylanda, halkymyzda saz sungatynyň parahatçylygyň hem-de dostlugyň nyşany hökmündäki ähmiýetini bellemelidiris. Türkmen saz sungatynyň özboluşlylygy bolan ýekelikde dutar çalmak ýoly Merkezi Aziýanyň saz gurallary medeniýetinde ykrar edilen aýratyn ugurdyr. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň ulanmaga berilmegi ýaş nesilleriň kalbynda milli bagşyçylyk we sazçylyk sungatymyza söýgi döretmekde, ýaş bagşy-sazandalary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde türkmen medeniýeti we sungaty jemgyýetimiziň bitewüligini, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda medeni-ruhy galkynyşy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, il içinden sungaty ösdürmäge höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmak hem-de goldamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryna aralaşmagyny üpjün etmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak we has-da ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, döredijilik bäsleşigi halypaçylyk däplerini berkitmäge, döwürleriň arabaglanyşygyny saklamaga, ýurdumyzda uly üns berilýän saz sungatyny wagyz etmek işine goşant goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak ussatlyklary bilen türkmen zenanlarynyň kähalatlarda meşhur bagşylardan hem ökde çykandyklary baradaky rowaýatlaryň dörändigi bellidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda türkmen halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky baglanyşyk inçeden beýan edilýär.

Häzirki wagtda bagşyçylyk sungatynyň öwrenilmegi we giňden wagyz edilmegi Garaşsyz Watanymyzda halk sazandalaryna, dessançylaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň görkezijisidir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda we ýurdumyzyň beýleki ýöriteleşdirilen sungat mekdeplerinde bagşylary taýýarlamak boýunça ýörite bölümler döredildi. Meşhur dessançy bagşylaryň köp sanlysynyň gelip çykan ýeri bolan Daşoguz welaýatyndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halk saz sungatyny hem-de nusgawy şygryýetini wagyz eden ussat bagşy-sazandalaryň döredijiligine bagyşlanan sergi hereket edýär. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde türkmen halkynyň baş saz guraly — dutaryň heýkeli oturdylyp, bu ýerde Gündogar bagşylarynyň we sazandalarynyň arasynda mukaddes hasaplanýan Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşýär.

Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar saz guraly milli saz medeniýetimizde öňdäki orny eýeleýär. Dutarçy sazandalaryň çykyşlary düzümine dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar girizilen konsert maksatnamasyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Häzirki döwürde ýaşlar özleriniň halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere, guralýan baýramçylyk çykyşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşylarynyň ýollarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman halk bagşylary we sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we ösdürýärler. “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar bu asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdyň görkezdiler. Sazandalaryň çykyşlary bilen başlanan döredijilik bäsleşiginde ýurdumyzyň her bir welaýatyna mahsus özboluşly ýerine ýetirijilik häsiýetleri, gaýtalanmajak aýratynlyklar şöhlelendi. Ähli gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Çalsana, çalsana, çalsana, bagşy!” sazy milli saz medeniýetimiziň köpöwüşginlidigini görkezdi.

Sahnada türkmen halk sazlary, şol sanda “Kepderi”, “Gyrmyzy”, “Sataşdym”, “Düşmüş” ýaly sazlar ýaňlandy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň halk aýdym-saz sungatynyň wekilleri gezekli-gezegine sahna çykdylar. Olaryň çykyşlary saz guralynda ýerine ýetirilen dürli sazlary, dessanlardan parçalary, aýdym aýtmak sungatyny özünde jemledi.

Ýaşlar bilen deň derejede zenan bagşy-sazandalar hem işjeň çykyş etdiler. Paýtagtymyzdan, şeýle-de ýurdumyzyň sebitlerinden zenan bagşylar “Eýlediň”, “Weý ýar”, “Köne güzer” ýaly halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, dutar çalmak we aýdym aýtmak boýunça başarnyklaryny görkezdiler. “Görogly” şadessanyndan ýerine ýetirilen “Teşnit” aýdymy aýratyn owaza beslendi. Zehinleriň häzirki gözden geçirilişiniň esasy maksady bolan halkymyzyň saz medeniýetini hem-de onuň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny şöhratlandyrmaga gönükdirilen çykyşlar konsert maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygy, eziz Watanymyzyň we milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelere bagyşlanyp, ähli dabara gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmegindäki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly aýdymy döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji çykyşyna öwrüldi. Mukamlar köşgüniň sahnasynda kümüş perdeli dutarlaryň parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän sazlary özboluşly owaz bolup ýaňlandy.

Jemleýji tapgyryň iň bir tolgundyryjy ýeri — bäsleşigiň jemini jemlemek we ýeňijileri yglan etmek pursady ýetip geldi. Sylaglamak dabarasynda guramaçylar “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň zehinli ýaş nesilleriň köp sanlysyny özüne çekendigini nygtadylar. Olar özleriniň aýdymlary we sazlary arkaly mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesini uly ruhubelentlik bilen wasp etdiler.

Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi. Olar diplomlar hem-de hormatly Prezidentimiziň altyn zynjyry bilen sylaglandylar. Şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar hoşallygyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar ussat bagşylaryň döredijilik ýoluny mynasyp dowam etdirijiler hökmünde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek we kämilleşdirmek üçin ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow