Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türk ýyldyzy Aşgabatda
Medeniýet
Türk ýyldyzy Aşgabatda
Çap edildi 17.12.2016
3160

“Onuň arabasy bar...” Bu setirleri okanyndan, okujylarymyzyň köpüsi gürrüňiň kim barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy. Bu konsert Mustafanyň aýdymlaryny söýýänler üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Aýdymçynyň “Bäş minara” filmini görüp, aýdymlaryny diňläp, ýakyndan görmegi arzuwlap ýören ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygy has-da artdy. Belli estrada ýyldyzy sahna çykan badyna türkmen topragynda özüne nähili hormat goýulýandygyny duýan bolsa gerek. Ol bu günki konsertde täze albomyndan “Dowamy bar”, “Men bolsadym”, “Ählisi söýgüden” ýaly aýdymlary bilen birlikde köpleriň söýgüsini gazanan “Onuň arabasy bar...”, “Aýa meňzär” diýen belli aýdymlaryny we “Küştdepdini” ýerine ýetirdi. Meşhur aýdymçy Türkmenistanda özüni edil ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp şygyryndan we owazyndan dörän “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar ör turup bu aýdymy aýdymçy bilen bilelikde aýtdylar. Aýdymy türk ýyldyzynyň we tomaşaçylaryň tolgunmak bilen ýerine ýetirişini görüp, Watanymyza bolan buýsanjyň artýar. Dürli öwüşgine beslenen çykyşlar tomaşaçylarda uzak wagtlap ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy. Meşhur daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen milli lybasyny sowgat hökmünde kabul edip, buýsanç bilen geýmegi indi asylly däbe öwrüldi. Aýdymçynyň konsertiň ahyrynda türkmen donuny we telpegini geýip aýdan aýdymlary türkmen we türk halklarynyň gadymdan gelýän mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has-da berkeýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Mustafa Sandal türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow