Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Çap edildi 01.09.2023
2241

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanan baýramçylyk dabaralary Arkadag şäherinde dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriniň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasyny açdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda açylyş toý bagyny kesdi we atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlajak täze ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdy. Ýurdumyzda bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni binýady bolup durýan ylym-bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge hem-de olary okatmaga bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we toplumlaýyn guraldyr. Şunda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek we doly açmak, bu ulgamyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şu maksat bilen ähli ýerlerde iň täze kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan, okuw enjamlary, multimediýa usullary bilen üpjün edilen mekdepler gurulýar.

Şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäheriniň ýene birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow