Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 01.09.2023
3462

Şu gün 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleri bolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriň möhüm ugrudyr. 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 28 kafedra hereket edýär, olardan 4 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy. 

Şeýle-de resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar dowam edýär.

* * *

Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Mundan başga-da Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Energetika ministrligine “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow