Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen paýtagtynda täze binalaryň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi
Jemgyýet
Türkmen paýtagtynda täze binalaryň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi
Çap edildi 16.12.2016
1784

Şu gün paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň sekizisi: iki 54 öýli we alty 36 öýli jaýlar – jemi 324 öý ulanmaga berildi. Täze ajaýyp öýler Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly maşgalalaryň ýüzlerçesine baýramçylyk sowgady boldy. Iri panelli binalar binýatlarynyň, üçekleriniň, diwarlarynyň hem-de beýleki gurnamalarynyň häzirki zaman çözgütleri esasynda taslamasy düzüldi, olaryň timarlaýyş işlerinde iň häzirki zaman ýokary hilli gurluşyk, ýylylygy saklaýan serişdeler ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlary Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Berk teker” we “Ak tab” hususy kärhanalary tarapyndan bina edildi. Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çäreleri we dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdançalar gurnaldy, awtoduralgalar guruldy. Bu ýerde güller ekilip, amatly oturguçlar goýlupdyr hem-de köçeleri yşyklandyryjy çyralar gurnalypdyr. Desgalaryň bökdençsiz ulanylmagyna, dynç alyş zolaklarynyň göwnejaý ýerleşdirilmegine, gezelenç etmek hem-de sport bilen meşguullanmak üçin şertleriň döredilmegine, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ýerleşdirilmegine uly üns berlipdir. Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän bu iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düzümine, şeýle hem mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi, saglyk öýi hem-de durmuş maksatly beýleki desgalar girýär. Ýşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary, ýaş nesliň wekilleri, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary täze öýleriň eýelerini gutlamaga geldiler hem-de aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Dabaraly çäräniň barşynda täze öý eýeleri şatlyklaryny paýlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa geçirýän oňyn durmuş syýasaty, abadan ýurtda bagtyýar ýaşamak mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabaranyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra toý baglary kesildi we dürli öwüşginli howa şarlary asmana göterildi. Öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalarynyň hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň ýokary hil derejeli durmuşynyň üpjün edilmegi paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän esasy talaplardyr. Muňa häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gurluşygy alnyp barylýan senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki maksatly desgalar, şäherleriň hem-de obalaryň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy hem-de gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherleriniň keşbini düýpgöter özgerden iri binagärlik toplumlary, ähli ýerlerde peýda bolan häzirki zaman zawodlar we fabrikler, lukmançylyk, medeniýet we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary soňky ýyllarda ägirt uly ösüşe eýe bolan hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan döwletimiziň barha artýan ykdysady kuwwatynyň netijesidir. Mundan başga-da, Köşide täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň döredilmegi, Çoganlyda kottež görnüşli öýleriň gurluşygy boýunça meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Aşgabatda ýol-ulag düzümleri, şol sanda köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň yzygiderli artmagy bilen baglylykda ulag goýulýan duralgalar gurulýar, açyk görnüşli hem-de köp gatly awtoduralgalaryň sany artýar. Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça iri taslama amala aşyryldy, howa elektrik geçirijilerini kabel geçirijilere çalyşmak boýunça uly işler geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini asma elektrik geçirijilerinden saplamaga hem-de ýokary geçirijilik ukyby bolan ýerasty kabellerden peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň toplumynyň çözülmegine ýokary talaplary bildirýär. Bar bolan ähli mümkinçiikleri paýtagtymyzyň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilmegine çagyrýar, şäher düzümlerini dolandyrmagyň usullaryny, jemagat hyzmatlary ulgamynyň işi kämilleşdirmegi talap edýär, şunda has amatly durmuş gurşawynyň döredilmeginiň ähli ugurlary hasaba alnyp, bu meselelere toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtaýar. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman nusgaly obalaryň we şäherçeleriň güýçli depginlerde gurulýandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň döredijilikli, parasatly strategiýasynyň aýdyň netijeleridir, bu syýasat her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow