Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryny durmuşa geçirmegiň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryny durmuşa geçirmegiň ýoly bilen
Çap edildi 21.08.2023
2065

Geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşy dürli wakalara beslendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleri bilen birlikde, bu wakalar hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen aladasyna esaslanýar.

14-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzäni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny nygtaldy. Häzirki günde dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň depginli ösüş görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen sebit merkeziniň öňüni alyş diplomatiýasyny we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ilerletmek, şeýle hem maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işlerine üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz sebit merkeziniň möhüm işiniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak maksady bilen Wengriýada iş saparynda boldy.

Budapeştde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi.

Energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy, döwletimiziň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardygy bellenildi.

Ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen-wenger ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunda sport ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy höweslendirmek däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça Milli atletika merkezinde geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy. Ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi bolmak ugrunda dünýäniň iň güýçli türgenleri bäsleşdiler.

Hormatly Prezidentimiziň Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatynyň dabaralaryna gatnaşmaga çagyrylmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, onuň parahatçylygy pugtalandyrmaga hem-de dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandynyň aýdyň subutnamasydyr.

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen şöhratlanýan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Toplumyň çäginde döwrebap dolandyryş binasynyň, iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw binasynyň, esgerleriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýatakhananyň, okuw otaglarynyň, üsti açyk we ýapyk görnüşli sport meýdançalarynyň, şeýle hem beýleki durmuş maksatly otaglaryň bina edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. “Galkynyş” otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýaryndadyr. Bu bolsa deňizçi serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär.

Sanly ulgamyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy harby gullukçylara döwrebap bilimleri, harby gämileridir ugurdaş tehnikalary dolandyrmak başarnygyny ele almaga, deňiz giňişligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli, üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerinde uly ähmiýete eýe bolan paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagynyň, ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi, bu işleriň paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belledi hem-de bu täsin künjegi abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bu toplum paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň söýgüli künjegine öwrülmelidir, çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary döredijilik ylhamyna ruhlandyrmalydyr.

Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesi, şeýle hem bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň 2024-nji ýylda açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreler Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri ýaly ýatda galyjy bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Taryhy ähmiýeti boljak sene mynasybetli guraljak aýdym-sazly çykyşlar häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir, olarda mähriban Watanymyzyň ösüşi, şahyra ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Şeýle hem Halkara howa menziline barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça taslamalar we ýoluň ugrunyň çyzgylary bilen tanşyp, türkmen halkynyň Milli Lideri olara birnäçe bellikleri hem-de degişli düzedişleri girizdi. Paýtagtymyzyň ýol gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ýokary derejede bolmagy, olaryň dünýä ülňülerine we häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony ajaýyp seýilgäh toplumynyň saýaly oturgyjynda oturan ýerinde okap berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap döreden bu ajaýyp goşgusy merkezi gazetlerde hem çap edildi.

18-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn özgertmelerinden badalga alan täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň birnäçesi bellenildi. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi şol wakalaryň hataryndadyr.

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussady akyldar şahyrymyzyň miras goýan, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly edebi mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze goşgusyndan setirler okaldy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, çeper okaýyşlar çäräniň dabarasyny artdyryp, oňa baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler, şahyrlar beýik Pyragynyň şygyrlaryndan okap berdiler, edebiýatçy alymlar akyldar şahyryň käbir goşgy setirleriniň aňladýan manylary barada gyzykly gürrüň berdiler.

Ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň baýram edilmegi geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Bu waka mynasybetli birnäçe dabaraly çäreler guraldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.

17-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» ady bilen geçirilen dabaraly maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Forum Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

Şanly sene mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, halylar, bezeg önümleridir saz gurallary görkezildi. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berildi.

Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär, BMG-niň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerine syn bermek bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen bu düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdylar. Uzak möhletleýin geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär.

Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologiýa ähmiýeti bolan tebigy hem-de beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna, wagyz edilmegine gönükdirilen «Dünýä mirasy» maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

Sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ýaly ähmiýetli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary açylýar. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmagy üçin, Türkmenistan bu guramada jebisleşdiriji gün tertibini mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýär. Ylym, bilim, medeniýet, ýaşlar syýasaty babatdaky taslamalar, sport we aragatnaşyk ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.

Geçen hepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Bu jemgyýet ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar hem-de ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň üpjün edilmegi bu syýasatyň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow