Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze dostluk howa ýollary
Jemgyýet
Täze dostluk howa ýollary
Çap edildi 15.12.2016
2244

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar gatnawlarynyň üsti Aşgabat-Kazan-Aşgabat gatnaw boýunça ýene bir möhüm halkara ugur bilen ýetirildi. Şu ugur boýunça gatnaýan uçar Aşgabada gaýdyp geldi. Soňky ýyllarda dünýäde belli “Boing” uçar gurluşyk korporasiýasyndan satyn alnan häzirki zaman amatly uçary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagt şäherleriniň arasynda gatnap başlar. Ol hepdede iki gezek-- çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Yzygiderli uçar gatnawlary ikitaraplaýyn türkmen-russiýa ylalaşyklarynyň çäklerinde ýola goýuldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň öňünde goýýan möhüm wezipelerine hemmetaraplaýyn laýyk gelýär we döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpsanly syýahatçylyk düzümleriniň täze ugruň açylmagyna bolan gyzyklanmalary uçaryň orunlarynyň dolmagynda has-da äşgär boldy. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde, daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Howa ulaglaryndaky hyzmatlary dünýä derejesine çykarmak arkaly Garaşsyz Türkmenistan daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyny dünýä ýaýýar.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow