Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi
Medeniýet
Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi
Çap edildi 03.08.2023
3442

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Ogulgerek Berdimuhamedowa, ilki bilen, özüniň mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine aýratyn ähmiýet berendigi, şunda el hünäriniň gelin-gyzlar üçin asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan paýhasly sargytlary barada gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi, şunda güjümiň öserine zeper ýetirmän, onuň şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken. Bularyň ählisi durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň tebigata örän aýawly çemeleşmek barada gymmatly maslahatlary berendigini görkezýär.

Ine, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny muzeýe gowşurdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek, medeni mirasyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, halypa-şägirtlik mekdebiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ösdürmekde bitiren ägirt uly işlerini häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň mynasyp derejede dowam etdirmegi bilen, ozaldan gelýän gadymy däp-dessurlarymyz şu günki nesillere ýetirilýär. Alym Arkadagymyz dünýäniň diregi hasaplanýan enelere bagyşlan “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynda bedewler bilen didarlaşmak endiginden söz açyp: “Ine, şonda hem mähriban käbämiň elleriniň ýylysyny, gaýratyny hyýalyma getirýän ýagdaý döreýär. Ejemiň ören alajasyny taýlara, atlara dakýan pursadymda bu şeýle bolýar” diýip belleýär. Milli Liderimiz enelerimizi müdimi gudrata deňeýär. Bu belent adamkärçiligiň, pederlere goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Bu ýerde guralan taryhy ähmiýetli çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran beýik işlerine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, sportuň dürli görnüşleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuş pursatlaryndan düşürilen surat eserlerine bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen hem tanyşdylar.

Muzeýde goýlan gymmatlyklaryň hatarynda Milli Liderimiziň kyblasy Mälikguly aganyň gazaply uruş ýyllarynda ýazan goşgulary, Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri, aýdym-sazlary baradaky maglumatlara aýratyn orun berlipdir. Şeýle-de Arkadagymyzyň agtyklarynyň häzirki zaman mowzugyna bagyşlanan we türkmen topragynyň ajaýyplyklaryny şekillendirýän surat eserleri bar. Munuň özi ýurdumyzda mukaddeslik derejesine göterilen maşgala gymmatlyklaryna möhüm üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň elinden çykan milli gymmatlyklar häzirki döwürde dünýäde giňden meşhurdyr. Aýratyn-da, türkmen zenanlarynyň döreden keşdeçilik we haly sungatynyň, el hünäriniň ýaşlaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu nepis sungatyň ägirt uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.

Milli gymmatlyklary Döwlet muzeýine gowşurandygy üçin muzeý işgärleriniň we ähli türkmen gelin-gyzlarynyň adyndan Ogulgerek Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden Türkmen halysynyň milli muzeýine geldi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, ene-mamalarymyz özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny, özboluşly senetçiligi döredipdirler. Şolaryň hatarynda halyçylyk sungatyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň döreden we nesilden-nesle aýawly geçirip gelýän milli gymmatlyklary, ruhy däp-dessurlary, haly sungaty dünýäde barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Halk senetçilik önümleri bilen bir hatarda, türkmen zenanlarynyň dokan nepis halylary we haly önümleri kaşaň binalaryň, owadan köşkleriň esasy bezegleriniň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi we halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl ýurdumyzda özüniň nusgalyk işleri bilen ýaşlara görelde bolýan zenanlara hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesine çykmagyna giň ýol açýar.

Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we onuň agtyklaryna halkymyzyň gadymy ýörelgeleri, zenanlaryň el hünäri, halyçylygyň taryhy, olar hakyndaky rowaýatlar, halylaryň döreýiş aýratynlyklary barada gürrüň berildi.

Bellenilişi ýaly, halyçylyk sungaty asyrlardan bäri ösdürilip, kämilleşdirilip gelnipdir. Bu ýörelgeler döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getirip, halkymyzyň çeper döredijilige, dürli hünärlere bolan söýgüsiniň çäksizdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly kitaplarda beýan edilýän wakalar barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa, öz gezeginde, haly dokamagyň aýratynlyklary, çitimleriniň inçeligi barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol özüniň uzak ýyllaryň dowamynda dokan halylary, haly gölleriniň her welaýata mahsus aýratynlygy, haly ýüwürtmegiň, ony çitmegiň özboluşly usullary barada gürrüň berdi. Haly dokalýan enjamyň işe taýýarlanylyşy bilen tanyşdyrdy. Ýygnananlar aýdylanlary üns berip diňlediler, sebäbi häzirki döwrüň ýaşlary üçin haly dokamak, esasan-da, el halylary bilen baglanyşykly ähli maglumatlar örän gyzyklydyr.

Bu barada aýtmak bilen, Ogulgerek Berdimuhamedowa haly dokamak sungatyny nesillerine geçirýändigini belledi. Il içinde aýdylyşy ýaly, gyzyň edebi onuň el hünärinden görünýär. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi agtyklary bilen täze ýüwürdilen halynyň başyna geçip, ony dokap başlady. Ýagny, çitim işlerini geçirdi, şeýle-de darak kakdy. Şol bir wagtyň özünde, Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklaryna haly dokamagyň inçe syrlary barada gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasynyň ynamly darak kakmagy onuň haly dokamakda ussatlyk derejesine ýetendigini görkezýär. Bu hereketler dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylara muzeýe gelýänlere haly dokamagyň aýratynlygy, her halynyň taryhy baradaky gürrüňleriň, Gahryman Arkadagymyzyň halyçylyga bagyşlanan kitaplaryndan dürli maglumatlaryň ýetirilýändigi, rowaýatlaryň gürrüň berilýändigi barada habar berildi. Türkmen halkynyň eli çeper gelin-gyzlarynyň dokan halylary dünýä bazarlarynda iň geçginli harytlaryň birine öwrüldi we olara bolan isleg barha artýar. Ekologik taýdan arassa ýüňlerden taýýarlanýan ýüplükleriň, erişleriň sazlaşygyndan döreýän türkmen halylary owadanlygy babatda bolşy ýaly, ýakymlylygy boýunça hem dünýäniň iň nepis gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

Soňra Türkmen halysynyň milli muzeýiniň ýolbaşçysy muzeýe gelip görmäge wagt tapandygy, bu ýere gelýänler üçin ussatlyk sapagyny geçendigi, şeýle hem halyçylyk sungatyna hemişe üns berýändigi üçin Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow