Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 24.07.2023
3398

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de halkyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny belledi. Häzirki döwürde Özbegistan okgunly ösýän hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýan ýurtdur. Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berýär we asyrlaryň dowamynda ýakyn goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolup durýan bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň saklanylýandygy bellenildi. Iki ýurduň dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da doly gabat gelýändigi halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmak üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli, netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Serhetýaka sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha işjeňleşdirilýär. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary sazlaşykly ösdürilýär. Medeni, ylmy, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär we pugtalandyrylýar.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlik, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow