Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Hormatly Prezidentimiz Jidde şäherinde medeni we ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady
Medeniýet
Hormatly Prezidentimiz Jidde şäherinde medeni we ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady
Çap edildi 19.07.2023
3435

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda medeni-ynsanperwer ugur hem uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny, ýagny Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň «Medeniýet dialogyny» döretmegi teklip edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, häzirki günde ählumumy ösüşiň gün tertibinde duran möhüm meseleleriň biri, ol hem ekologiýa ulgamydyr.

«Şundan ugur alyp, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmegi teklip edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow