Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi
Çap edildi 19.07.2023
2415

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen Sammitindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bar bolan dürli global wehimler we howplar biziň döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de bizden zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär.

«Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän Maslahatyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.


Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow