Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Jidde şäherinde «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki Sammiti öz işine başlady
Syýasy habarlar
Jidde şäherinde «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki Sammiti öz işine başlady
Çap edildi 19.07.2023
1779

Şu gün Jidde şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki Sammiti öz işine başlady.

«Ritz-Carlton» kaşaň myhmanhanasy döwlet Baştutanlarynyň «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi – Merkezi Aziýa» görnüşindäki şu gezekki Sammitiniň geçirilýän ýeri boldy. Bu ýerde halkara ähmiýetli iri çäreleri, duşuşyklary hem-de forumlary guramak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Ýokary derejedäki Sammitiň gün tertibine Merkezi Aziýa bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Jiddada geçirilýän Sammit häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge hem-de ony many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow