Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Russiýaly sirk artistleri Arkadag şäherinde çykyş etdiler
Medeniýet
Russiýaly sirk artistleri Arkadag şäherinde çykyş etdiler
Çap edildi 02.07.2023
2021

Şu gün Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň tomaşasy guraldy. 

Russiýaly sirk artistleriniň çykyşlary paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda göz öňünde tutulýan tomaşalaryň çäklerinde geçirilýär.

Golaýda açylan ýurdumyzda ilkinji «akylly» Arkadag şäheriniň myhmanlary we ýaşaýjylary rus sirkiniň Altyn gaznasyna giren sirk şowhunynyň özboluşly çykyşlarynyň ilkinji tomaşaçasy boldular. 

Howa gimnastlary we ekwilibristler, tanap üstünde ýöreýänler we žonglýorlar sirk sungatynyň dürli görnüşlerinde çykyş etdiler. Baş öwredilen ýolbarslar, gaplaňlar we aýylar tomaşaçylary geň galdyrdy. Şeýle hem tomaşa şadyýan masgarabazlaryň çykyşlary bilen utgaşdy.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynynyň çykyşy tomaşanyň naýbaşy çykyşy boldy. Bu meşhur topar türkmen sirk sungatynyň nyşanydyr. Akhan atly tanymal sirk bedewi çarpaýa galyp 10 metre ýöräp, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi.

Halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýeňiş gazanan, Sankt-Peterburgda, Italiýada we Hytaýda Naýbaşy Baýraklary eýelän, şeýle hem Gyrgyzystanda geçirilen Bütindünýä göçegçi taýpalar oýunlarynyň baş baýragyna mynasyp bolan türkmen ýigitleri ok kimin okdurylyp barýan ahal-teke bedewlerinde bendileýji tilsimleri görkezýärler. 

Täze Arkadag şäherinde Russiýanyň we Türkmenistanyň sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary 9-njy iýula çenli dowam eder.

Aşgabadyň ýaşaýjylary 10-njy iýuldan 7-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Döwlet sirkindäki çykyşlara tomaşa edip bilerler.

9-18-nji awgustda Daşoguz welaýatyndaky, 22-nji awgustdan 31-nji awgust aralygynda Lebap welaýatyndaky, 3-nji sentýabrdan 12-nji sentýabr aralygynda Mary welaýatyndaky we 15-nji sentýabrdan 24-nji sentýabr aralygynda Balkan welaýatynyndaky «Türkmeniň ak öýlerinde» russiýaly sirk artistelri çykyş ederler.

Sirk tomaşasyna petekler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde satylýar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Watanymyzyň bähbidine döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary gowşuryldy
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
19.09
Täze etraplaryň häkimlikleri döredildi
19.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
19.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
19.09
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow