Baş sahypa
\
Sport
\
Arkadag şäherinde futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty hem-de ilkinji futbol oýny geçirildi
Sport
Arkadag şäherinde futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty hem-de ilkinji futbol oýny geçirildi
Çap edildi 01.07.2023
1899

Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäheriň açylmagyna bagyşlanan futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Futbol federasiýasy guradylar. 

Foruma ýurdumyzyň çagalar sport mekdepleriniň hem-de hususy futbol toparlarynyň tälimçileri gatnaşdylar. Maslahata hormatly myhman hökmünde Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Ruslan Sulaýmonow gatnaşyp, ýygnanlary sebitde deňi-taýy bolmadyk “smart-siti” – Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady.

Bellenilşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren möhüm başlangyjy hem-de ony üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we oňa ilaty, ilki bilen ýaşlary giňden çekmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Muňa täze Arkadag şäheri aýdyň mysal bolup biler, onda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam edýän ajaýyp sport düzümleri döredildi. Ol Bedenterbiýe we sport baradaky baş şäher müdirligini, Köpugurly sport toplumyny, Sport merkezini, degişli enjamlar we agzalar bilen üpjün edilen 10 müň orunlyk stadiony öz içine alýar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri – futbol, woleýbol, basketbol, uly we stoluň üstündäki tennis oýnamak, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka oýnamak, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem fitnes, türgenleşik we mejlisler zallary, bejeriş otaglary hem-de beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Sport merkezinde bolsa uly ýüzüş howzundan başga-da suw attraksionlary bolan çagalar üçin ýüzüş howzy bar.

Şu ýyl Arkadag şäherinde adybir futbol topary döredildi, häzirki wagtda ol ýokary liganyň toparlarynyň aralarynda Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş edýär.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda saparda bolan Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işlere ýokary baha berdi. 

– Adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky alada, söýgä ýugrulan ýurtda sport, esasan-da, futbol hökman öser. Işjeň senagat ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde adam saglygyny berkitmekde sportuň orny ähli wagtdakydan has ýokarlandy we munuň üçin Türkmenistanda ähli şertler döredilipdir diýip, 211 milli futbol assosiasiýalary özünde birleşdirýän FIFA-nyň ýolbaşçysy aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalar futbolunyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Mysal üçin, 2000-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) işjeň gatnaşmagynda hem-de ÝUNISEF-iň FIFA bilen bilelikde guramagynda yzygiderli esasda mart-noýabr aýlary aralygynda “Grassroots” futbol festiwallary geçirilýär, olara dürli ýaşdaky futbolçylar gatnaşýarlar.

2014-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy we öz düzümine alty ýurdy – Türkmenistany, Owganystany, Eýrany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Her ýyl Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde ýurdumyzda futbol eminleriň hem-de tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça halkara okuw maslahatlary geçirilýär. Şu gün şeýle maslahat Köpugurly sport toplumynyň mejlisler zalynda geçirildi. 

Maslahatda FIFA-nyň futbol zehinlerini ösdürmek baradaky uly taslamasy görkezildi, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki bölüminiň hünärmeni Allaberdi Mämmetgulyýew ýygnananlary bu taslama bilen tanyşdyrdy. 

FIFA-nyň meşhur hünärmeni, Londonyň “Arsenal” futbol toparynyň ozalky baş tälimçisi Arsen Wengeriň ýolbaşçylyk edýän bu taslamasynyň maksady milli ýygyndy toparlarymyz üçin zehinli ýaşlary, geljekki futbolçylary taýýarlap, Meksikada, Kanadada we ABŞ-da 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda oňa gatnaşýan toparlaryň sanyny 48-e çenli artdyrylýandygyny nazara alyp, futbolyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Geçen ýyl bu taslama 205 ýurt, şol sanda Türkmenistan hem goşuldy, ýurdumyzyň her bir welaýatynda mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günlerinde ýylda dört gezek yzygiderli ýagdaýda ukyply oglanlary we gyzlary dürli ýaşdaky ýygyndy toparlara seçip almak we geljekde olary halkara bäsleşiklerine gatnaşdyrmak üçin futbol boýunça ýaryşlar geçiriler. 

Maslahatda bellenilişi ýaly Türkmenistanda zenanlar futboly ýakynda kemala gelip başlady. Geçen ýyl türkmen zenan futbolçylary Duşanbe şäherinde sebitiň bäş toparynyň arasynda geçirilen CAFA-nyň çempionatyna ilkinji gezek gatnaşyp Täjigistanyň ýygyndy topary bilen 1:1 we Gyrgyzystanyň ýygyndy topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap ýer eýelerinden öňe geçdiler. 

Ýakyn geljekde Türkmenistanyň Futbol federasiýasy zenanlar toparlarynyň arasynda yzygiderli ýagdaýda ýurdumyzyň çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär. 

Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasynyň ýolbaşçysy Janni Infantino futbol bilen meşgullanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri emele getirýän bu künjegiň ajaýyp tebigy şertleri hem-de Arkadag şäherinde ekologiýa abadançylygynyň berjaý edilmegine örän jogapkärli çemeleşilýändigi barada aýtmak bilen, şol saparynyň dowamynda bu ýerde geljekde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegini teklip etdi.

Ýeri gelende aýtsak FIFA-nyň zehinleri ösdürmek boýunça taslamasynda zehinli futbolçylary ýetişdirmek üçin Futbol akademiýasyny döretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanda şeýle akademiýanyň emele gelmegi üçin arkadag şäherinde ähli şertler bar diýip, çykyş edenleri bellediler. 

FIFA-nyň bu taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň işiniň ikinji ugry tälimçileri taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, TFF şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda ilkinji gezek dünýäniň islendik ýurdunda milli ýygyndy toparlarynda hem-de klub toparlarynda tälimçilik işi bilen meşgullanmaga hukuk berýän PRO derejeli ygtyýarnama bermek üçin tälimçileriň okuwlaryny geçirmegi meýilleşdirilýär. Okuwlar dört tapgyrdan ybarat bolup, 9 aýlyk möhlete niýetlenendir.

Okuw maslahatynyň dowamynda şeýle hem futbolçylary pasportlaşdyrmak, olaryň derejesi hem-de FIFA-nyň hereket edýän düzgünine laýyklykda, oýunçylaryň bir topardan başga topara geçmeginiň tertibi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
30.04
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
30.04
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi
30.04
Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow