Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2023: dördünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2023: dördünji gün
Çap edildi 25.06.2023
1001

Paýtagtymyzda Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik çäresiniň dördünji gününiň maksatnamasy Erkin döredijilik mekanynda geçirilen «Döwür we žurnalistika» atly mediaforum bilen başlandy. Ol jemgyýetçilik işgärlerini, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi.

Halkara hyzmatdaşlykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny aýratyn garalan meseleleriň biri boldy. Oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde, türkmen halkynyň örän baý mirasyny geljek nesillere ýetirmekde, milli ruhy-ahlak ýörelgelerini we maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny baradaky meseleler maslahatyň gün tertibine girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň maglumat giňişliginde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan sanly tehnologiýalar arkaly olaryň işinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we işjeň ulanmak baradaky çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem çykyş edenler Türkmenistanda syýahatçylygyň esasy ugurlaryny ösdürmek, geçmişiň täsin binagärlik desgalaryny gorap saklamak, Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny daşary ýurt teleýaýlymlarynda giňden wagyz etmek boýunça işleri ýaýbaňlandyrmak baradaky meseleler dogrusynda belläp geçdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda surat bäsleşigi geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady ýaş suratkeşleriň zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar surat eserleriniň üsti bilen bagtyýar çagalyk, türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeniýeti barada gürrüň berdiler. Olaryň surat eserleri sergi zalyny dolduryp, gelenleri bagtyýar çagalygyň ylham joşguny bilen gurşap aldy.

Käbir surat eserleri örän ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilipdir. Türkmenistanyň ýaş, zehinli suratkeşleriniň işleri halkara bäsleşiklerde-de baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Aşgabat» kinoteatrynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen «Istärin» atly çeper filmiň görkezilişi boldy.

Agşam çärä gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatryna ýygnandylar. Bu ýerde görkezilen “Gelin gelýär” atly sahna oýnunyň esasy maksady halkymyzyň medeniýeti we taryhy baradaky bilimleri giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Munuň özi tomaşaçylara türkmen däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny duýmaga mümkinçilik berýär, güýjüň we ylhamyň tükeniksiz çeşmesi bolan ruhy gymmatlyklarymyzy, köpasyrlyk milli ýörelgelerimizi gorap saklamagyň we baýlaşdyrmagyň zerurdygyny görkezýär.

Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezdi. Ol türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda döreden baý mirasyny gorap saklamak, hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin ony baýlaşdyrmak, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmek boýunça geljekki işleriň ugruny kesgitledi.

Watanymyzyň ähli welaýatlarynda sungat ussatlarynyň hem-de umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaş aýdymçylaryň, belli aýdym-saz toparlarynyň konsertleri geçirildi, halk we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow