Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2023: üçünji gün
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2023: üçünji gün
Çap edildi 24.06.2023
2805

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde çäreler dowam edýär. Şu günüň meýilnamasy sungat ussatlarynyň, ýaş artistleriň aýdym-sazly we folklor çykyşlary bilen utgaşdy.

Şu gün ir bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internaty körpeleriň «Bagtyýar çagalyk» atly çykyşyna tomaşa etmäge bu iri döredijilik çäresine gatnaşyjylary çagyrdy. Bu baýram däp-dessurlarymyzyň üýtgewsiz dowamatlylygyny açyp görkezýär, şunuň netijesinde milli medeniýetimiz saklanyp galdy.

Ýaş ýerine ýetirijiler myhmanlary aýdym-sazly, horeografik we folklor çykyşlary bilen begendirdiler. Olar zehinlerini, ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we saz gurallaryna ussatlarça erk edip tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. Medeni toparlaryň agzalary çykyşlarynda Watanymyzy, ülkämiziň ajaýyp tebigatyny, milli däp-dessurlarymyzy, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Tomaşaçylar ýaş artistleri el çarpyşmalar bilen goldadylar.

Giň gerimli döredijilik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgularyň çeper okaýyşlary hem-de ýaş şahyrlaryň we žurnalistleriň «Ylham joşguny» atly döredijilik maslahaty geçirildi.

Bu çärelere Magtymgulynyň döredijiliginiň sarpa goýýanlaryň köpsanlysy, ylym we medeniýet işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Ol Türkmenistanda eýýäm meşhur bolan söz ussatlaryny, şeýle hem şygryýet älemine ýaňy gadam basan şahyrlary bir ýerde jemledi. Foruma ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik işgärleriniň gatnaşmagy giňden tejribe alyşmaga, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Agşam aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralan baýramçylyk dabaralaryna – «Galkynyş» Milli at üstündäki oýunlar toparynyň, howa akrobatlarynyň, darbazlaryň, masgarabazlaryň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Döredijilik forumynyň üçünji güni «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Lebap we Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlendi.

Soňky habarlar
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
top-arrow