Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
Çap edildi 16.06.2023
1891

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä onuň resmi ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýollady.

“Biz Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giň ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Onuň Alyjenaby Karl III-ä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow