Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 14.06.2023
1789

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Soňky on ýylyň içinde Siziň ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy döwrebap sosialistik döwleti gurmak ýolunda ajaýyp üstünlikleri gazandy. Siziň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşýan şahsy goşandyňyza biz ýokary baha berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine, ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda nygtady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow