Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
Hepdäniň wakalary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr
Çap edildi 14.06.2023
1459

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ýaly möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.

5-nji iýunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragy guramaçylykly dowam edýär, möwsümde kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň işi talabalaýyk guralýar, tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny almak maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlandy, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişine taýýarlyk görüldi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, gowaça ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Elektron haryt-ulag delil hatynyň elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň döredilmegini üpjün etmäge, şeýle hem Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi. Resminama Türkmenistanyň “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama” goşulmagy bilen baglylykda, şeýle hem haryt-ulag delil hatyny resmileşdirmegi has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

8-9-njy iýun günlerinde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen ýurdumyzda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň arasyndaky duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy.

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk bermegi teklip etdi. Mundan başga-da, energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, oba we suw hojalygy, maýa goýum işi ýaly geljegi uly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň, telekeçiler birleşmeleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, söwda öýlerini, wekilhanalary, hususy işewürligiň wekilleri üçin maglumat-maslahat beriş meýdançalaryny açmak baradaky mümkinçilikleri öwrenmek teklip edildi. Energetika ulgamynda, hususan-da, geljegi uly we örän zerur ugur bolan tebigy gazdan wodorod öndürmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şeýle hem Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesini ösdürmek bilen baglylykda, ulag ulgamy, senagat kooperasiýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Premýer-ministr Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Wengriýa sapar bilen gelmäge çagyrdy. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýalar ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz depginli ösmegini dowam etdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň, ozalkysy ýaly, BMG we beýleki halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlary barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde gazanylan depginiň durnukly saklanylýandygyny belledi. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Hökümetiň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim möçberinde boldy.

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki desgalar meýilleşdirilen möçberde gurlup ulanmaga berildi. Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, beýleki sebit taslamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulandyrylmalydyr, şu ýylda göz öňünde tutulýan ähli taslamalar birkemsiz ýerine ýetirilmelidir.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4 sany “Boeing 737-8” kysymly we 2 sany “Boeing 777-367ER” kysymly howa gämilerini satyn almak barada Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny” tassyklady, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulyşmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasyny makullady.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22-nji iýuny — 15-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Geçen hepdede Mejlisde Moldowa Respublikasynyň we Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri Waleriu Kiwerden hem-de Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatlary kabul edildi. Duşuşyklaryň dowamynda diplomatlar Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen, türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny, hususan-da, saglygy goraýyş ulgamynyň kärhanalaryny gurmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Arkadag şäheriniň howa gurşawynyň, arassa dag çeşmeleriniň ýakymlydygyny nazara alyp, bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini öwrenmek maksady bilen lukmanlar we alymlar tarapyndan degişli ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýerli çig mallardan ekologik taýdan arassa önümleri, şol sanda dermanlyk serişdeleri taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen bir hatarda, bu önümleriň eksport mümkinçilikleri hem artar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat maksatly desgalary gurmak we olarda ýokary derejeli önümçiligi ýola goýmak bilen bagly işleri düýpli seljerip, bu ugurda özara maslahatlaşyp, anyk çözgütlere gelinmelidigini, her bir işe oýlanyşykly çemeleşilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, sebitde daşky gurşaw boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistan daşky gurşawyň üýtgemegi boýunça V Merkezi Aziýa maslahatynyň işine özüniň goşandyny goşýar. Bu maslahat degişli ugurda täze gözlegleri, öňdebaryjy çemeleşmeleri öňe sürmek, özara tejribeleri alyşmak babatda üstünlikli meýdança boldy. Şunuň bilen birlikde, forumda daşky gurşawy goramak boýunça türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribeleri, tebigatymyzyň baý biodürlüligini gorap saklamaga hem-de artdyrmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýetilen üstünlikler barada aýdyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň kiçi mejlisler zalynda “Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini dolandyrmak boýunça netijeli garaýyşlar” ady bilen onlaýn görnüşde forum geçirildi.

Hepdelik teswiriň dowamynda ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam edýändigini bellemeli. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga bir hepde öň başlan Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bu asylly işe girişdiler.

Geçen hepdede Aşgabatda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçirildi. Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda bäş günläp dowam eden sport ýaryşynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş türgenleri diňe bir medal üçin däl-de, eýsem, Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga iki ýollanmany eýelemek ugrunda hem göreşdiler. Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary sport ýaryşynyň kümüş medalyna eýe bolmagy başardy we abraýly ýaryşyň jemleýji tapgyryna gatnaşar. Gyzlar ýygyndy topary bolsa bürünç medala eýe boldy.

Tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ýeňijilerine Halkara tennis federasiýasynyň medallary we güwänamalary, hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

10-njy iýunda Aşgabatda Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Harby akademiýanyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Baş baýdak meýdançasynda hem ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň uçurymlarynyň hormatyna dabaralar guraldy we olara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow