Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna täze itergi berildi
Syýasat habarlary
Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna täze itergi berildi
Çap edildi 10.06.2023
1197

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden Wengriýanyň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde merkezi girelgäniň öňünde Premýer-ministr Wiktor Orbany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz we Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany dostlarça salamlaşyp, “Oguz han” zalyna barýarlar. Şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Wengriýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar. Soňra döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza ilkinji saparynyň netijeli geçjekdigine hem-de özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça köptaraply döwletara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Şu günki gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de şu saparyň çäklerinde Wengriýanyň Premýer-ministriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Duşuşygyň barşynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy we geljekki bilelikdäki işiň ugurlary, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň syýasy ugry barada aýdyp, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Wengriýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny hem-de parahatçylygy gazanmaga, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygynyň ep-esli artandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda Wengriýa bilen köp derejeli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat kooperasiýasy, dokma senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklar gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Hususy ulgamyň möhüm orny nazara alnanda, işewür düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn ugur bolup biler. Durmuş ulgamy türkmen-wenger gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurtlarymyz bilim, ylym we medeniýet ýaly ulgamlarda üstünlikli gatnaşyk edýärler. Bu ulgamlarda anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek möhüm hasaplanýar. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, iki dostlukly halkyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň Wengriýa bilen netijeli köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap, wenger Hökümetiniň Baştutanyna we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna ýurdumyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman Wengriýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berjekdigine, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunda taraplaryň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Wiktor Orbany hem-de wenger wekiliýetiniň agzalaryny myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde bu saparyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikiçäk görnüşde geçirilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme meselelerini öz içine alan gepleşikleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek boýunça tabşyryklary bermegi teklip etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň degişli edaralaryna özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem-de eksport-import görkezijilerini sazlaşdyrmaga gönükdirilen anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryk bermegi teklip etdi. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, energetika, ulag, derman senagaty, dokma senagaty, oba we suw hojalygy, maýa goýum işi ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny belledi. Şunda işewürler birleşiklerine möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda bu wezipäni Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda öýlerini, wekilhanalary, hususy işewürligiň wekilleri üçin maglumat-maslahat beriş meýdançalaryny açmak pikirine garamagyň möhümdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Häzirki wagtda tebigy gazdan wodorod öndürmek geljegi uly we örän zerur ugur bolup durýar. Türkmenistan bu ulgamda wenger kärdeşleriniň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümlerine energetika ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreleriň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ol aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan “Lazurit” we Hazar deňzi — Gara deňiz üstaşyr ulag ugurlary arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda türkmen tarapy Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesine goşulmak boýunça çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda binýatlaýyn resminamalary gol çekmäge taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.

Senagat kooperasiýasy hem özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Wengriýa ösen senagat-önümçilik kuwwaty, uly tehnologik mümkinçilikleri bolan döwletdir. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, bilelikdäki kärhanany döretmek arkaly senagat we önümçilik kooperasiýasy hyzmatdaşlygynyň geljegine garamagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň degişli edaralaryna ugurdaş ministrlikleri we bank düzümleri tarapyndan şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň maliýe üpjünçiligi meseleleriniň öwrenilmegi üçin anyk taslamalaryň we işewürlik meýilnamalarynyň sanawyny taýýarlamagy tabşyrmak teklip edilýär.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar. Bu babatda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy möhüm baglanyşdyryjy ýagdaýy emele getirýär. Biziň taryhy şahsyýetlerimiziň işi ýene-de bir birleşdiriji ugur bolup durýar. Şol şahsyýetleriň hatarynda ajaýyp wenger alymy we syýahatçysy Arminiý Wamberi bar. Onuň 190 ýyllygy 2022-nji ýylda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giňden bellenilip geçildi. 1864-nji ýylda çap edilen “Merkezi Aziýa boýunça syýahat” atly işinde onuň türkmen halkynyň beýik ogly, şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada gürrüň berendigi bellärliklidir.

Geljek ýylda türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wengriýaly dostlarymyzy toý dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, Wengriýanyň adyna onuň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýaş türkmenistanlylaryň bilim almagyna döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Wengriýanyň Premýer-ministrine söz berilýär. Jenap Wiktor Orban hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyza gelip görmäge çakylyk üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Wengriýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uly kuwwata eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň uly geljegi bardyr. Şunuň bilen baglylykda, wenger tarapynyň Türkmenistan we tutuş Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy sebitiň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eden möhüm ýagdaý boldy.

Premýer-ministr Wiktor Orban iki halkyň taryhy-medeni umumylygynyň netijeli wenger-türkmen gatnaşyklarynyň ygtybarly esasydygyny belledi.

Belent mertebeli myhman energetika ulgamyny ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda görkezdi. Şunda Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de degişli meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýtdy. Şeýle-de Wengriýa Türkmenistan bilen ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge, bar bolan mümkinçiliklerini we tehnologiýalaryny teklip etmäge taýýardyr.

Premýer-ministr Wiktor Orban ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar meselesine degip geçip, öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandyklaryna örän şatdyklaryny belledi. Şunda Wengriýanyň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde wenger dilini öwretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky tekliplerine ýokary baha berdi.

Bellenilişi ýaly, Wengriýa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär we mundan beýläk-de ýurdumyza halkara giňişlikde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan goldaw berer.

Premýer-ministr Wiktor Orban geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny nygtap, hormatly Prezidentimize Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam eder.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýalar ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn duşuşygyň netijelerini teswirläp, Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyna hem-de wekiliýetiň agzalarynyň ählisine deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň açyk we netijeli bolandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alşyldy, ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik ulgamda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, halkara giňişlikde gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň hem-de Wengriýanyň öňe sürýän, parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň bilelikdäki işiniň oňat geljeginiň bardygy bellenildi.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, taraplaryň ykdysady ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýediklerini aýratyn nygtady. Şol mümkinçilikler anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly ulanylyp bilner. Ýurdumyz nebitgaz pudagy, önümçilik kooperasiýasy, derman senagaty ýaly ugurlarda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teklipleri öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-wenger hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Taraplar iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda kooperasiýanyň ägirt uly kuwwatyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda öýlerini, wekilhanalaryny we maslahat beriş meýdançalaryny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Döwlet Baştutanymyz munuň ykdysady ulgamda anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen gatnaşyklaryň geljegi uly usullarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur şertleriň ählisi bar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, bilim we ylym ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Türkmenistanyň we Wengriýanyň özara Medeniýet günlerini guramak hem-de biziň halklarymyzy birek-biregiň däp-dessurlary, aýratynlyklary bilen has ýakyndan tanyşdyrmaga gönükdirilen beýleki çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň barşynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtaldy, bu ugurda täze teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Premýer-ministr Wiktor Orbanyň saparynyň köpugurly türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, Wengriýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gepleşikleriň netijelerini beýan edip, biziň ýurtlarymyzy aýratyn we ygtybarly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyza gelmäge çakylygy hem-de hyzmatdaşlyga taýýardygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Wengriýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigini habar berdi.

Türkmenistan ýaly, Wengriýanyň hem parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi nygtaldy. Şunda wenger tarapynyň dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýändigi bellenildi. Premýer-ministr Wiktor Orbanyň belleýşi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky döredijilikli başlangyçlaryny, şol sanda 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny gyzgyn goldaýar. Bu başlangyç BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda berkidildi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag-logistika ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerine, şol sanda degişli düzümi kemala getirmek we işe girizmek meselesine garaldy. Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda wenger kompaniýalaryny goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, Wengriýanyň dürli ulgamlarda türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletli gatnaşyklara taýýardygyna ynandyrdy.

Premýer-ministr Wiktor Orban gepleşikleriň barşynda taraplaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiginiň tassyklanylandygyny nygtap, saparyň netijelerine ýokary baha berdi. Belent mertebeli myhman ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, biziň ýurdumyza gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny ýene-de bir gezek belledi.

Şol gün Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr Wiktor Orban bu ýerde türkmen-wenger dostlugynyň aýdyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Döwlet Baştutanymyz we wenger Hökümetiniň Baştutany birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, Aşgabat duşuşygynyň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Soňra Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.

Soňky habarlar
12.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: Söwda we telekeçilik
12.02
Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynyň kuwwaty barha artýar
11.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: ulag we aragatnaşyk pudagy
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
10.02
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
10.02
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.02
Ynsanperwerligiň beýik nusgasy
10.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 33 million 683 müň dollaryndan gowrak boldy
09.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
top-arrow