Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler başlandy
Syýasy habarlar
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz bilen Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler başlandy
Çap edildi 09.06.2023
1174

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary amala aşyrýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler başlandy.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soňra, taraplar ikiçäk duşuşygy geçirýärler. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldilen düzüminde dowam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar. Taraplar energiýa, ulag, derman serişdeleri, dokma senagaty, maýa goýum, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns bererler.

Türkmen-wenger ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.08
Watanymyzyň ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
31.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 274 müň dollaryndan gowrak boldy
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
31.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
30.08
E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
30.08
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi
top-arrow