Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda Moldowa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasat habarlary
Türkmenistanda Moldowa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 07.06.2023
1457

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Moldowa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Deňhukuklylyk, ynanyşmak, hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda birnäçe esasy ugurlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini üpjün edýän özara gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda ilçi Waleriu Kiwer Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwer iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, jenap Waleriu Kiweri Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waleriu Kiweriň tejribesi we ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Size meniň adymdan, şeýle-de Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, Türkmenistana abadançylyk baradaky arzuwlarymyzy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Maýýa Sandu,

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow